Sepleriň elýeterliligi

Hazaryň statusy boýunça konwensiýanyň taslamasy regional döwlet baştutanlarynyň garamagyna berler


Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň duşuşygynda, Moskwa, 5-nji dekabr, 2017

Hazar deňziniň kanuny statusy hakyndaky konwensiýanyň taslamasy Hazarýaka döwletleriniň prezidentleriniň garamagyna beriler diýip, RIA Nowosti agentligi 6-njy dekabrda habar berdi.

Maglumatda Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrowa salgylanyp, habar berlişine görä, Hazarýaka döwletleriniň liderleriniň duşuşygynyň indiki ýylyň birinji ýarymynda Gazagystanda geçirilmegi ähtimal.

“Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň duşuşygynyň netijelerine men umuman pozitiw baha berýärin. Biz Hazar deňziniň statusy boýunça konwensiýanyň üstünde 20 ýyllyk işi tas jemledik. Biz onuň goldanjagyna bil baglaýarys” diýip, Lawrow aýtdy.

Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň duşuşygy 4-5-nji dekabrda Moskwada geçirildi. Media maglumatlaryna görä, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Eýranyň, Orsýetiň we Türkmenistanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygynda 5-nji Hazar Sammitine taýýarlyk meselesi ara alyp maslahat edildi.

XS
SM
MD
LG