Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow korrupsiýany agzaman, prokurorlary täzeleýär


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, TH-nyň fotosuraty

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 5-nji dekabrda welaýat, şäher we etrap prokurorlaryny wezipä bellemek baradaky kararlara gol çekdi.

Rahim Ataýew Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň prokurory wezipesinden boşadylyp, Mary welaýatynyň prokurory, Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň prokurory bolup işlän Döwran Berdimyradow Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň prokurory wezipesine bellenildi.

MaksatKulyýew Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň, Ruslan Rebbenakulyýew Ahal welaýatynyň Baharly etrabynyň, Atabeg Golbaýew Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň, Annamyrat Amangeldiýew Çärjew etrabynyň prokurory wezipelerine bellenildi.

Döwletiň resmi habar saýtlarynda täze wezipä bellenilen prokurorlaryň terjimehallary, iş tejribeleri barada maglumat berilmeýär.

Prezident prokurorlary täze wezipelere bellemek kararyna Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň ýylyň 11 aýyndaky işleriň netijelerine bagyşlanan göçme mejlisinde dol çekdi. Şeýle-de prezidentiň Mary welaýatynyň prokurorynyň orunbasary Şöhrat Gylyjowy wezipesinden boşadandygy habar berilýär, emma onuň näme üçin işden boşadylandygy anyklaşdyrylmaýar.

Baş prokuror Batyr Atdaýewiň mejlisde ýanwar-noýabr aýlarynda prokuratura edaralarynda geçirilen işler barada hasabat berendigi aýdylýar, emma geçirilendigi aýdylýan işler aýdyňlaşdyrylmaýar.

Şol bir wagtda prezidentiň pokuroryň hasabatyny diňläp, “prokuratura işgärleriniň degişli resminamalary netijeli peýdalanmalydygyny” belländigi habar berilýär.

Bu prokurorlaryň maý aýynda turan korrupsiýa galmagalyndan bäri iň kän wezipä bellenen gezegi bolup görünýär.

Ozal habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Batyr Atdaýewden ozalky baş prokurory Amanmyrat Hallyýew korrupsiýa aýyplamalary bilen baglylykda işden aýryldy. Azatlygyň ýerli çeşmeleri onuň maý aýynyň başynda ilki öý tussag edilendigini, soň azatlykdan mahrum edilendigini habar berdiler, emma resmi Aşgabat bu habary ne tassyklady, ne-de ret etdi.

Ýöne muňa garamazdan,türkmen mediasy maý aýynda 50 töweregihukuk resmisiniň korrupsiýa aýyplamalary esasynda türmä basylandygyny habar berdi. Bu arassalaýyşlaryň gapdaly bilen, başga işe geçýändigi üçin diýlip,Türkmenistanyň baş sudýasy Begenç Çaryýew hem wezipesinden boşadyldy.

Azatlygyň hökümete ýakyn çeşmeleri şonda korrupsiýa garşy başlanan kampaniýany prezidentiň güýç gurluşlaryna gurply adamlardan Aşgabatda geçirilmeli Aziýa oýunlaryna serişde toplamak barada beren tabşyrygynyň ýerine ýetirilmezligi, şol bir wagtda-da käbir prokuratura işgärleriniň öýünden uly möçberde nagt pul tapylmagy bilen baglanyşdyrdylar.

“Prezident Mulikowyň we prokuraturanyň işinden örän nägile. Baýramalyda birnäçe prokuror we IIM-niň işgäri tussag edildi. Öýleri dökülende, olaryň biriniň öýünden 15 million dollar möçberinde nagt pul tapyldy. Bu barada eýýäm prezidente habar berildi” diýip, Azatlygyň çeşmesi bu wakalaryň öňünden, 29-njy aprelde habar berdi.

Prezident Berdimuhamedowyň maý aýynda korrupsiýa garşy başlan kampaniýasy netijesinde Ykdysady jenaýatlara garşy göreş boýunça ýörite gulluk döredildi we başda bu guramanyň geçiren barlaglary, üstüni açan jenaýatlary hakynda, az-da bolsa, habar berildi.

Emma ýerli synçylar we Azatlygyň habarçylary bilen söhbetdeş bolýan raýatlar türkmen metbugatynda korrupsiýa faktlarynyň ýeterlik beýan edilmeýändigini aýdýarlar.

Şeýle-de olar, prezidentiň korrupsiýa garşy göreşmek barada beren wadalaryna agaramazdan, soňky 10 ýylda parahorlugyň giň ýaýrandygyny, iş orunlarynyň köplenç pula satylýandygyny, kanunçylyk edaralarynda puluň uly rol oýnaýandygyny gürrüň berýärler.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG