Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Öňki baş prokuror Hallyýew we başga-da onlarça ýolbaşçy tussag edildi


Türkmenistanyň öňki baş prokurory Amanmyrat Hallyýew prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan 4-nji maýda geçirilen Howpsuzlyk Geňeşinde wezipesinden boşadylypdy.
Türkmenistanyň öňki baş prokurory Amanmyrat Hallyýew prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan 4-nji maýda geçirilen Howpsuzlyk Geňeşinde wezipesinden boşadylypdy.

Türkmenistanyň öňki baş prokurory hem-de onuň bilen birlikde ýurduň prokuratura we içeri işler edaralarynyň 50 çemesi işgäri tussag astyna alyndy.

Amanmyrat Hallyýew prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan korrupsiýa we parahorluga garşy göreşip bilmezlikde aýyplanyp, eýeleýän wezipesinden boşadylypdy.

Azatlyk Radiosynyň biri-birinden garaşsyz birnäçe çeşmesiniň habar bermegine görä, öňki baş prokuror Hallyýew 4-nji maýda geçirilen Howpsuzlyk Geňeşinden soň, dessine öý tussaglygyna alynýar we şondan birnäçe gün soňra-da tussag edilýär. Onuň bilen birlikde, başga-da 50 sany adam, şol sanda Türkmenistanyň prezidenti tarapyndan wezipesinden çetleşdirilen prokurorlar we içeri işler edaralarynyň işgärleri tussag asyna alyndy.

Mundanam başga, Azatlyk Radiosynyň söhbetdeşleriniň aýtmagyna görä, Türkmenistanyň howpsuzlyk güýçlerine ýakyn adamlar, ýagny prokuraturanyň we polisiýanyň ençeme işgärleriniň 4-nji maýdaky hökümet ýygnagyndan öň tussag edilipdir. Şol ýygnakda Berdimuhamedow ýurduň prokuraturasyny we polisiýasyny korrupsiýada aýyplapdy.

Azatlyk mundan ozal prezident Berdimuhamedowyň öz güýç edaralarynyň işgärlerine gaharlanmagyny, öňki baş prokuror Hallyýewiň wezipesinden boşadandygyny we ýurduň içeri işler ministri Isgender Mulikowa berk käýinç berendigini öz çeşmelerine salgylanyp habar beripdi.

“Prezident Isgender Mulikowdan gurply adamlaryň, şol sanda telekeçileriň we döwlet emeldarlarynyň hasabyna pul serişdelerini çekmek çäreleriniň aktiwleşdirilmegini talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabatda we regionlarda görnükli telekeçileriň onlarçasy tussag edildi. Olary talap edilýän puly bermedik ýagdaýlarynda, munuň netijeleriniň erbet boljagy bilen gorkuzýarlar. Prezident Mulikowyň we prokuraturanyň işinden örän nägile. Baýramalyda birnäçe prokuror we IIM-niň işgäri tussag edildi Öýleri dökülende, olaryň biriniň öýünden 15 million dollar möçberinde nagt pul tapyldy. Bu barada eýýäm prezidente habar berildi” diýip, Azatlygyň çeşmesi 29-njy aprelde aýdypdy.

"Türkmenistanyň Hronikasy" saýtynyň wideosy

Baş prokuror wezipesinden boşadylandan soň Azatlyk radiosynyň habarçysy bilen habarlaşan çeşmäniň beren maglumatyna görä, prezidentiň mejlisde aşa gaharly bolmagynyň sebäbi, hukuk goraýjy organlaryň işgärleriniň öýlerinden tapylan uly möçberdäki pul we şol bir wagtda onuň Aziada serişde toplamak barada beren tabşyrygynyň ýerine ýetirilmezligi bilen bagly.

“Ýagdaý örän agyr we prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özi iri biznesmenlerden, Aziada pul kömegini etmeklerini sorady. Mysal üçin, prezident Aziada üçin Erol Tabançydan (türk işewüri, Türkmenistandaky Polimeks Inşaat firmasynyň eýesi- Azatlygyň belligi) pul sorady. Şol wagtda-da prokuratura we içeri işler organlarynyň işgärleriniň öýünden millionlap nagt dollar tapylýar. Ol şeýle bir gazaba mündi, hemmeler Isgender Mulikow işden boşadylar öýtdi, emma ol häzir käýinç bilen gutuldy. Mulikow indi ýukajyk buzuň üstünde dur. Ony prezidentiň ýakyn töweregindäki täsirli adamlar bilen ýakyn gatnaşykda bolmagy halas etdi” diýip, Azatlygyň häkimiýet gurluşlaryna ýakyn durýan çeşmesi tassyklaýar.

Şeýle-de ol, prezidentiň gahar-gazaby şu ýylyň 17-27-nji sentýabrynda söweş sungaty boýunça ýapyk binalarda geçirilmeli V Aziýa oýunlary golaýladygyça, gün-günden ýokarlanýar diýip, sözüni dowam etdirdi.

Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri Aziada serişde toplamak baradaky çäreleriň çäginde, pul goşandyny goşmak islemeýän ýa-da mümkinçiligi bolmadyk onlarça telekeçiniň hem tussag astyna alnandygyny öňe sürýärler.

Türkmenistan, ekspertleriň pikirlerine görä, 1990-njy ýyllaryň başynda garaşsyz ýurt bolaly bäri iň agyr ykdysady krizisini başdan geçirýär. Geçen ýylyň başyndan bäri türkmen häkimiýetleri şu ýylyň sentýabr aýynda geçiriljek halkara sport ýaryşyny guramalaşdyrmak üçin, ilatdan zorluk bilen pul alyp başlady.

Mundan öň, olar býujet edaralarynyň işgärleriniň aýlyklarynyň 50 prosentine çenli tutup aldylar, nebit-gaz pudagynyň işgärleriniň aýlyklarynyň goşuntgylaryny ýatyrdylar, kiçi biznese goşmaça, dil üstünden salgyt saldylar.

Ykdysady kynçylyklar energiýa serişdeleriniň dünýä nyrhlarynyň pese gaçmagy bilen bagly bolup, Türkmenistan gaz eksportyna garaşly bolmagynda galýar.

Türkmenistanyň paýtagty V Aziýa oýunlarynyň beýemçiligine 2010-njy ýylyň dekabrynda saýlandy. Ol wagt tebigy gazyň nyrhy ýokarydy, türkmen gazy birnäçe ugur boýunça eksport edilýärdi we döwlet býujetine onlarça milliard dollar girdeji girýärdi.

Aşgabatda Aziýa oýunlary üçin eýýäm 8 milliarda golaý dollar harçlandy, şol sanda olimpiýa şäherçesine 5 milliard dollardan gowrak serişde, täze halkara aeroporta bolsa 2,3 milliard dollar harçlandy.

XS
SM
MD
LG