Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hindi kinosynyň meşhur ýyldyzy Şaşi Kapur aradan çykdy


Hindistanyň tanymal aktýorlaryndan 1970-1980-nji ýyllarda owalky sowet respublikalarynda hem meşhurlyk gazanan Şaşi Kapur 4-nji dekabrda 79 ýaşynda aradan çykdy.

"Diwar" ýaly meşhur kinofilmler bilen dünýäde uly şöhrat gazanan aktýor soňky wagtlarda böwrek näsazlygy sebäpli azap çekipdir we ahyrynda Mumbaýdaky keselhanalaryň birinde dünýäden ötüpdir.

Şaşi Kapur kakasy Pritwiraž Kapur ýaly onlarça ýyllap hindi kino sungatyna öňbaşçylyk eden gaty uly maşgalanyň mirasdüşeri bolupdy.

Şaşi Kapur 1940-1950-nji ýyllaryň arasynda çaga rollarynda oýnapdy.

Meşhur "Awara" kinofilminde bolsa Şaşi agasy Raj Kapuryň oýnan obrazynyň çagalyk döwrüni suratlandyrypdy.

Ol birnäçe gezek milli kino baýraklaryna mynasyp boldy we 2011-nji ýylda oňa Hindistanyň hökümeti tarapyndan Padma Buşan şöhrat nyşany gowşuryldy. Ol belli döwürde Britaniýanyň we ABŞ-ň kinofilmlerinde hem surata düşüpdi.

Şaşi Kapur tanymal iňlis aktrisasy Jennifer Kendal bilen maşgala gurupdyr. 1978-nji ýylda bolsa onuň bilen bilelikde Bombeýiň meşhur Pritwi teatrynyň düýbüni tutupdy. Britaniýaly aktrisa Felisity Kendal bolsa Şaşi Kapuryň baldyzydyr.

Şaşi Kapur aktýorlyk sungaty bilen çagalygynda meşgullanmaga başlapdy we 150-den gowrak kinofilmde surata düşüpdir.

Şaşi Kapur 2015-nji ýylda Hindistan kinosynyň iň abraýly baýragy bolan "Dada Saheb Palke" baýragyna mynasyp bolupdy.

Şaşi Kapur özüniň mylaýym ýylgyryşy bilen tomaşaçylaryň aňyna çuňňur ornaşypdy. Hindistanda il arasynda oňa "handsome" ýagny "görmegeý" diýen lakam berlipdi.

Bolliwud blokbasterlerinde ol ýygy-ýygydan başga kino ýyldyzy bolan Amitab Baççan bilen bilelikde görülýärdi. Olar 1970-1980-nji ýyllarda surata düşürilen dürli kinofilmlerde ýa dogan, ýa dost, ýa-da bolmasa duşman ýaly rollary ýerine ýetiripdir.

Hindistanda onuň suratlary ýol horjunlaryny, kofe gap-gaçlaryny we stol örtüklerini bezeýär.

Onuň aradan çykmagy sebäpli on müňlerçe janköýeri sosial mediada öz duýgudaşlygyny ýazypdyr. Olaryň arasynda ýurduň primýer ministri Narendra Modi hem bar.

Jenap Modi özüniň "Twitter" sosial ulgamyndaky sahypasynda: "Onuň beýik sungaty geljek nesiller tarapyndan ýatlanar. Aradan çykmagyna gaty gynandym. Maşgalasyna we janköýerlerine çuňňur duýgudaşlyk bildirýärin" diýip ýazypdyr.

XS
SM
MD
LG