Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanda gaýygyň agdarylmagy zerarly azyndan 17 adam wepat boldy


PAKISTAN -- Pilgrims wait beside a boat after it capsized while carrying pilgrims to the shrine of Saint Moy Pithi, in Gharo, near Thatta, December 8, 2017
PAKISTAN -- Pilgrims wait beside a boat after it capsized while carrying pilgrims to the shrine of Saint Moy Pithi, in Gharo, near Thatta, December 8, 2017

Pakistanyň günorta kenarynda güýçli şemaldan gaýygyň agdarylmagy zerarly azyndan 17 adam wepat boldy we onlarça adam ýaralandy diýip, Pakistanyňresmileri 7-nji dekabrda habar berdiler.

60-dan gowrak adamy alyp baran gaýyk Sindh welaýatyna degişli adada ýerleşýän sifi musulmanlaryň mukaddes ýerine alyp barýardy we güýçli şemal zerarly gadymy Thatta şäheriniň golaýynda agdaryldy diýip, polisiýa habar berdi.

Wepat bolanlaryň arasynda zenanlar we çagalar bar. Resmileriň sözlerine görä, 50-den gowrak adam deňizden diri çykaryldy, olardan 35-si ýaralandy. Ýene 20 çemesi adam ýitirimboldy.

Polisiýanyň resmileri gaýykdaky ýolagçylaryň aşa köp bolan bolmagyny çak edýär.

XS
SM
MD
LG