Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda tussag eilen aktiwist Galina Kuçerenkonyň ykbaly nämälim galýar


Türkmenistanly graždan aktiwisti Galina Kuçerenko

Türkmenistanly tanymal graždan aktiwisti Galina Kuçerenko 7-nji dekabrda özlerini tanatmadyk adamlar tarapyndan öz öýünden zor bilen äkidilmeginden soň, onuň ykbaly nämälim galýar.

Galina Kuçerenkonyň gyzy Waleriýa ejesiniň nirededigi barada beren soraglaryna häkimiýetleriň jogap bermekden ýüz öwrendigini, iki günüň dowamynda ýüz tutan ençeme polisiýa we sud resmilerinden diňe “ejeň indi gelmez” we “Arzuwdaky ýörite priýomnikde bolmaly” diýen gysgaça jogaplardan başga maglumat alyp bilmändigini aýdýar.

“Men özüme bir gün öň salnan jerimäni töländigim hakynda kagyzy tabşyrmak üçin Arzuw etrap suduna baranymda, bir adama ýüz tutdum, ol kimdir birine jaň edip, ‘senmi düýnki getirilen, soň ejeňäm getirdiler’ diýip sorady. Men ‘hawa, meniň ejem häzir nirede?’ diýip soradym, olam ‘ol spes priýomnikde Arzuwda’ diýdi”, diýip, Waleriýa 8-nji dekabrda Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Waleriýanyň gürrüň bermegine görä, 50 manatlyk jerime oňa 7-nji dekabrda Azatlyk etrap sudunyň bir otagynda özlerini tanatmadyk birnäçe adamyň gatnaşmagynda salnypdyr we jerime hakyndaky karary yglan eden we öz adyny hem wezipesini yglan etmedik adam bu jezanyň Waleriýany 7-nji dekabrda ejesi Galina Kuçerenkonyň yzýany äkitmekçi bolanlarynda onuň “kanun goraýjylara boýun bolmazlygy” sebäpli berlendigini mälim edipdir.

“Maňa organlara boýun bolmanlygym üçin jerime salynýandygyny aýtdylar. Sen kanuny bozduň diýdiler. ‘50 manat, sen begen, saňa 50-den 100 manada çenli jerimäniň salnandygyna, bolmasa, başga gezek sen bir-iki gije-gündiz oturarsyň’ diýdiler”.

7-nji dekabrda näbelli adamlar Galina Kuçerenkonyň we onuň gyzy Waleriýanyň ýaşaýan jaýynyň gapysyny döwüp, raýatlaryň hususy emlägine zor bilen girdiler, olaryň öýde saklaýan haýwanlary ýok etmek bilen haýbat atdylar we zenanlary güýç ulanyp äkitdiler. Waleriýanyň sözlerine görä, olaryň öýüne baran 8 çemesi adamyň hiç biri özlerini tanatmandyr, order we beýleki dokumentleri görkezmändir we zenanlaryň soragyna diňe ‘polisiýadan’ diýip jogap beripdirler. Olaryň diňe birinden başga ählisi graždan geýimli bolupdyr.

“Olar başda ejemi äkitdiler, ony ýere ýykdylar. Ol ýerde ýatyrka, men ýanyna barmak isledim, emma äpet bir adam meni saklap durdy, elimi gaňyrdy. Men ejemiň ýanyna goýberiň diýip ýalbardym, ejemiň halyndan alada etdim, emma olar ‘hiç zat bolmaz ejeňe’ diýdiler we ony süýräp äkitdiler. Ejem çykyp barýarka, gapyda haýwanlary ýygnaýan ulagyň durandygyny aýdyp ýetişdi. Ejemi äkidenlerinden soň maňa ‘bol, ähli gymmatbaha zatlaryňyz bar bolsa al ýanyňa, dokumentleriňi al’ diýdiler”.

Waleriýa 7-nji dekabrda günüň dowamynda 5 ýa-da 6-njy polisiýa punktuna, Azatlyk etrap suduna we yzýany şäher polisiýasyna alnyp barlypdyr, onuň elinden telefony, dokumentleri we öýüniň açarlary alnypdyr. Waleriýa “Azatlyk” şäher polisiýasynda günüň aýagynda “ejeň indi gelmez” diýip, özüni boşadandygyny gürrüň berdi.

Ol agşam öýüne dolanyp baranda, öý haýwanlarynyň ýokdugyny bilip galypdyr. Aktiwist Galina Kuçerenko Aşgabatda öýsüz haýwanlaryň köpçülikleýin ýok edilýändigi barada açyk habar berýärdi we olaryň ençemesini halas edip, öýünde saklaýardy.

Şu ýylyň tomus aýlarynda Galina Kuçerenko özüne güýç organlaryň işgärleri tarapynda “sesini çykarmazlyk hakynda” duýduryş edilýändigini we hatda ölüm haýbatynyň atylandygyny Azatlyk Radiosyna habar beripdi.

Düýbi ABŞ-da ýerleşýän "Human Rights Watch" guramasy Aşgabatda Galina Kuçerenkonyň eden-etdilikli tussaglygyny ýazgardy we Türkmenistanyň halkara partnýorlaryna çagyryş edip, türkmen hökümetinden Kuçerenkonyň nirede saklanýandygyny barada gyssagly maglumat bermegi we ony boşatmagy talap etmäge ündedi.

Teswirleri gör (2)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG