Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Palestinler, musulmanlar Trampyň Iýerusalim baradaky kararyna protest bildirýärler


Iýerusalimiň gadymy şäheri, 8-nji dekabr, 2017

8-nji dekabrda müňlerçe palestinaly okupirlenen Günbatar Kenarda we Gündogar Iýerusalimde “gazap güni” protest geçirýärler. Bu çykyşlar ABŞ-nyň prezidenti Donald TrampyňIýerusalimi Ysraýylyň paýtagty hökmünde ykrar etmek kararyny yglan etmeginiň yzýany başlanan protestleriň ikinji güni dowam edýär.

Ysraýyl Iýerusalimde anna günki namazyň öňünde goşmaça müňlerçe harbysyny ýerleşdirdi. Şol bir wagtda-da, yslamçy “Hamas” topary Donald Trampyň kararyna protest hökmünde palestinleri parahatçylyk ugrundaky gepleşiklerden çekilmäge we “intifada” çagyrdy.

Palestinleriň müňlerçesi Günbatar Kenarda Hebron, Betlem, we Ramallah şäherlerinde Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleri bilen çaknyşdylar, Ysraýylyň esgerlerini daşladylar Ysraýylyň güýçleri protestçilere garşy gözi ýaşardýan gazy we rezin oklary ulandyrlar.

Şeýle-de müňlerçe adam Iýerusalimiň al-Aksa metjidiniň önünde anna namazynyň soňunda ýöriş geçirdi.

Gazada müňlerçe adam köçä çykyp, Trampyň kararyna nägilelik bildirdi.

Palestinalylar bilen raýdaşlyk demonstrasiýalarynyň ençemesi Ýakyn Gündogarda we beýleki musulman ilatly ýurtlarda geçirildi.

Eýranda onlarça müň adam tutuş ýurt boýunça çykyş edip, “Amerika ölüm” we “Ysraýyla ölüm” diýen mazmunly şygarlary öňe sürdi. Amerikanyň baýdagyny oda berdi. Tähranda anna namazyny geçiren ruhany Ayatollah Ahmad Hatami Trampyň kararynyň palestinler üçin ýeke-täk çykalga berýändigini we onuň hem intifadadygyny aýtdy.

Mundan ozalky iki intifada 1983-1993-nji we 2000-2005-nji ýyllaryň aralygynda bolupdy. Şonda müňlerçe palestinalynyň we 1000 ysraýyllynyň wepat bolandygy aýdylýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG