Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistan bilen serhetleşýän Jowuzjanda YD-nyň 300 nökerine tälim berilýär


Darzap, jeňçilere garşy söweş üçin aýallary hem ýaraglandyrýarlar.

Owganystanyň “Pajhwok” habar gullugynyň maglumatyna görä, Türkmenistan bilen serhetleşýän Jowuzjan welaýatynyň Darzap etrabynda “Yslam döwleti” ekstremist toparynyň täzelikde toplanan ýaş nökerleriň 300-e golaýyna tälim berilýär.

Etrap ýolbaşçysy Baz Mohammad Dawar Мogul obasynda, täze nökerleri çekmek kampaniýasynyň çäginde, ullakan ýygnak geçirilendigini gürrüň berdi.

Dawaryň sözlerine görä, YD esasan 20 ýaşa çenli bolan ýaş ýigitleri nökerlige almaga çalyşýar we olara 30-40 müň owgany ($434-$580) möçberinde pul berilýär. Tälim berlenden soň, täze nökerler owgan goşunlarynyň garşysyna söweşe iberilýär.

YD-nyň hatarlaryna goşulýan ýerli ýaşlaryň sanynyň artandygyny ýerli geňeşiň agzasy Halima Sadaf hem tassyklady. Onuň sözlerine görä, bu ýeriň adamlary ilatyň selçeň ýerleşen ýerlerinde ýaşaýarlar we YD-nyň şertlerini kabul etmäge mejbur bolýarlar.

Şeýle-de ol pitneçi guramalaryň gün-günden güýçlenýändigini we olaryň etrap merkezini aňsat nyşana alyp biljekdigini sözüne goşdy.

Darzap etraby Jowuzjan welaýatynyň paýtagty Şybyrgandan günbatarda 105 km uzaklykda ýerleşýär. Welaýatyň uly territoriýasy YD-nyň söweşijileriniň gözegçiligi astynda galýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG