Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Stambul: Gijeki kluba hüjüm etmekde aýyplanýan Maşaripow sud edilýär


Özbegistanyň raýaty Abdulkadir Maşaripow
Özbegistanyň raýaty Abdulkadir Maşaripow

Stambulyň gijeki klubynda bolan gyrgynçylyga jogapkär bolmakda güman edilýän Abdulkadir Maşaripow 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda 39 adamyň ölümine sebäp bolan ýaragly hüjümi amala aşyrmak, şeýle-de ekstremist “Yslam döwleti” (YD) toparynyň agzasy bolmak bilen bagly aýyplamalaryň esasynda sud ediler.

Özbegistanyň raýaty Maşaripow 11-nji dekabrda Stambulyň Siliwiri türmesinde ýokary howpsuzlyk şertlerinde geçiriljek sud diňlenişiginde 40 ömürlik türme tussaglygy jezasyna höküm edilip bilner.

Türkiýäniň häkimiýetleri onuň günäni boýun alandygyny aýdýarlar.

Maşaripow 11-nji dekabrda başlanýan sud diňlenişiklerinde gyrgynçylykly hüjümi amala aşyrmak aýyplamasynyň esasynda sud edilýän 57 adamyň biri. Maşaripow bilen bilelikde onuň aýaly Zarina Nurullaýewa hem sud edilýär.

XS
SM
MD
LG