Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin Siriýa bardy we goşunlary çykaryp başlamagy tabşyrdy


Orsýetiň Su-24 kysymly bombalaýjy uçary, Hmeimim harby howa bazasy, Siriýa
Orsýetiň Su-24 kysymly bombalaýjy uçary, Hmeimim harby howa bazasy, Siriýa

Orsýetiň prezidenti garaşylmadyk sapar bilen Siriýa bardy, ýeňiş barada çykyş etdi we Orsýetiň harbylaryna urşa batan ýurtdaky goşunlaryň “uly bölegini çykaryp” başlamagy tabşyrdy.

“Men goranmak ministrine we baş ştabyň ýolbaşçysyna Orsýetiň ýaragly güýçleriniň toparyny olaryň hemişeki ýerine çykaryp başlamagy tabşyrdym” diýip Putin Orsýetiň Siriýadaky Hmeimim bazasynda Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad bilen duşuşyp, orsýet harbylarynyň öňünde eden çykyşynda aýtdy.

Putiniň Siriýa eden bu ilkinji sapary onuň 2018-nji ýylyň prezidentlik saýlawlarynda dalaşgär hökmünde gatnaşjagyny yglan etmeginiň bäş gün yzýanyna gabat geldi. Putinyň Siriýa eden saparynyň onuň öz ýurdunda has köp goldaw gazanmaklyga gönükdirilen bolmagy çak edilýär.

XS
SM
MD
LG