Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Stambulda Abdulkadir Maşaripowyň kazyýet işi başlady


Abdulkadir Maşaripowyň tutulmazdan soňky we ozalky suraty.
Abdulkadir Maşaripowyň tutulmazdan soňky we ozalky suraty.

2017-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Stambuldaky "Reina" atly gijeki kluba terrorçylykly hüjüm gurnamakda aýyplanýan "Abu Muhammed Horasani" lakamy bilen meşhur bolan asly özbegistanly Abdulkadir Maşaripowyň kazyýet işine adatdan daşary ýagdaýda görülýän howpsuzlyk çäreleri astynda Siliwri tussaghanasynda garalar.

Türk sülçüleri, adam öldürmek we beýleki jenaýatlary etmekde aýyplanýan Abdulkadir Maşaripow üçin 40 gezek ömürlik tussaglyk möhletiniň berilmegini, ýagny onuň 2397 ýyl azatlykdan mahrum edilmegini soraýarlar.

Maşaripowa 39 adamyň janyna kast etmek, ýurduň konstitusion düzgüniniň agdarylmagyna synanyşyk, terrorçylykly hüjüm gurnamak, gaty köp adamyň ganyna galmak, bikanun ýarag saklamaga dildüwişmek ýaly günäler bildirilýär.

Abdulkadir Maşaripow Stambuldaky "Reina" atly gijeki kluba gurnalan hüjümden aýyplanyp tussag edilen 57 adamdan biridir. Onuň aýaly Zarina Nurullaýewa hem aýyplanýanlaryň sanawyndadyr. 11-nji dekabrda boljak kazyýet oturylşygyna şol 57 tussagyň ählisiniň hem gatnaşjagy we sülçüleriň Zarina Nurullaýewa bolsa öz adamsyna berilýän jeza ýaly hökümiň berilmegini sorajakdygy habar berilýär.

Abdulkadir Maşaripow 16-njy ýanwarda 2 müňe golaý polisiň gatnaşmagynda 17 güne çeken operasiýanyň netijesinde Stambulda ele salyndy. Köpsanly ýurtda gadagan edilen "YD" atly terror guramasy bolsa 2-nji ýanwarda "Reina" atly gijeki kluba edilen hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne alypdy.

Türk mediasynda ýaýran habarlarda aýdylşyna görä, Abdulkadir Maşaripowyň beren maglumatlary esasynda ekstremist toparyň ägirt uly terror guramaçylygynyň üsti açylypdyr. Maşaripow şeýle-de özüne ýöňkelýän günäleriň hemmesini boýnuna alypdyr.

Sorag edilşlikde ol özüniň 2016-njy ýylyň ýanwar aýynda Eýranyň üsti bilen Türkiýä gelendigini we birsalym Konya şäherinde ýaşandygyny aýdypdyr.

Türk sülçüliginiň beren maglumatyna görä, Maşaripowa hüjüm gurnamak buýrugyny Siriýanyň Rakka şäherinde ornaşan "YD" toparynyň ýolbaşçylaryndan "Abu Jihad" lakamly asly russiýaly Islam Atabiýew beripdir.

1-nji ýanwarda Stambuldaky "Reina" atly gijeki kluba gurnalan terrorçylykly hüjümiň netijesinde 39 adam ölüp, 69 adam hem ýaralanypdy.

23-nji aprelde "Amerikanyň sesi" Radiosy ABŞ-ň aňtaw gullygynyň çeşmesine salgylanyp beren habarynda, 6-njy aprelde Siriýanyň gündogarynda ýerleşýän Al-Maýadin şäheriniň golaýynda gizlin geçirilen operasiýada Stambuldaky gijeki kluba gurnalan hüjümiň jogapkärlerinden hasaplanýan asly özbegistanly Abdurrahman Uzbekiniň öldürilendigini mälim edipdi.

Ondan owal Türkiýäniň "Anadoly" habar gullugy, Abdulkadir Maşaripowyň aslynyň Özbegistanyň Fergana welaýatynyň Kokant şäherinden bolandygyny we öz ýurduny mundan 6 ýyl owal terk edip, Owganystana gidendigini habar beripdi. Maşaripow terror guramasyna agzadygy sebäpli Özbegistanyň gözlenýänler sanawynda durýar ekeni.

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Abdulkadir Maşaripowyň Owganystanda "Al-Kaide" guramasynyň agzalygyndan çykyp, "YD" toparynyň hataryna goşulandygyny aýan edýär.

XS
SM
MD
LG