Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

BMG-niň ýörite wekili Orsýeti Siriýanyň hökümetine itergi bermäge çagyrdy


BMG-niň Siriýa boýunça ýörite wekili Staffan de Mistura, Ženewa, 30-njy noýabr, 2017

BMG-niň Siriýa boýunça ýörite wekili Staffan de Mistura Orsýeti Siriýanyň hökümetini parahatçylyk boýunça ylalaşyga gelmäge we ýedi ýyla golaý wagt bäri dowam edýän graždan urşy soňlamaga ynandyrmaga çagyrdy.

De Mistura 13-nji dekabrda Sweýsariýanyň RTS telewideniýesine beren interwýusynda BMG-niň araçylygynda parahatçylygy tiz gazanmak boýunça tagallalaryň şowsuzlygynyň “Siriýanyň bölünmegine” getirip biljekdigini aýtdy.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin 11-nji dekabrda Siriýada Hmeimim harby howa bazasyna eden duýdansyz saparynyň dowamynda Orsýetiň goşunlary “halkara terrorçylaryň söweşde iň köp taplanan” toparlara garşy göreşde işini esasan bitirdi diýdi.

De Mistura Orsýetiň Siriýadaky konflikte goşulyşmagyny jemleýändigini yglan edendigini bellemek bilen Putin “Siriýanyň hökümetini mundan beýläk wagty ýitirmäge mümkinçiligiň ýokdugyna ynandyrmaly” diýdi.

Siriýada ýedi ýyla golaý wagt bäri dowam edýän graždan urşy zerarly 340 000 adam wepat boldy we 11 milliondan gowrak adam öz öýlerinden gaçyp gitmäge mejbur boldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG