Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow nebit-gaz pudagyny döwrebaplaşdyrmagy talap edýär


"Türkmengaz" döwlet konserniniň logosy

Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň 15-nji dekabrda geçirilen mejlisinde “Türkmenistanyň nebit-gaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin programmasyny” amala aşyrmak we Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawody döwrebaplaşdyrmak meselelerine garaldy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýakyn geljekde ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalaryny enjamlaşdyrmagy, pudaga goşmaça maýa goýumlaryny, öňdebaryjy tehnologiýalary we dolandyryş tejribesini çekmegi ileri tutulýan ugurlaryň hataryna goşdy.

Döwlet baştutany TNGIZT-de amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýan täze taslamalary düýpli seljermek barada wise-premýere anyk tabşyryklary berdi diýip, TDH döwlet habar gullugy ýazýar.

Berdimuhamedowyň bu tabşyryklary Türkmenistanyň iki sany iri kärhanasynyň – “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň daşary ýurtlardaky hyzmatdaşlarynyň öňündäki millionlarça dollar bergilerini ençeme ýyl bäri töläp bilmeýändigi barada çykan habarlaryň yz ýanyna gabat geldi.

Berdimuhamedow bir hepde öň ýurduň transport pudagyna hem daşary ýurt maýasynyň çekilmegini tabşyrypdy.

XS
SM
MD
LG