Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mattis: Siriýada ABŞ-rus uçarlarynyň gapma-garşy gelmegi tötänlik bolman biler


ABŞ-nyň goranmak sekretary Jim Mattis

ABŞ-nyň goranmak sekretary Jim Mattis golaýda Siriýanyň ýokarsynda rus we amerikan uruş uçarlarynyň bir-birine golaý gelmeginiň ýalňyşlyk ýa-da rus söweş uçarlarynyň käbir pilotlarynyň “howply” manýowry bolandygyny sorag astyna aldy.

Mattis 15-nji dekabrda Pentagondaky habarçylara edil häzir munuň pilotlaryň seresapsyzylygy ýa-da haýsam bolsa örän akylsyz bir zat etmäge synanýan adamlaryň işi bolandygyny aýdyp bilmeýändigini aýtdy.

Mundan bir gün öň Pentagon Orsýetiň iki sany Su-25 söweş uçarynyň 13-nji dekabrda rus we amerikan harby-howa güýçleriniň gündogar Siriýadaky resmi bolmadyk bölüji liniýasyndan uçup, ABŞ söweş uçarlaryna howply derejede ýakyn gelendiklerini aýtdy.

ABŞ-nyň Harby-howa güýçleriniň F-22 söweş uçarlary bu hadysa mahalynda duýduryş berdiler we mümkin bolan raketa hüjüminiň öňüni baglamaga taýýarlandylar.

XS
SM
MD
LG