Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Palestin häkimiýeti Pensiň saparyna garşy 'gahar' demonstrasiýasyna çagyrýar


Ysraýyl esgerleri bilen çaknyşyk mahalynda ýanýan tekerleriň golaýynda duran palestin protestçisi

Palestin häkimiýetiniň prezidenti Mahmud Abbasyň Fatah fraksiýasy 20-nji dekabrda ABŞ-nyň wise-prezidenti Maýk Pensiň Iýerusalime sapar etmegine garşy “gahar” demonstrasiýasyny geçirmäge çagyrdy.

16-njy dekabrdaky çagyryş prezident Donald Trampyň 6-njy dekabrda Iýerusalimi Ysraylyň paýtagty hökmünde ykrar edýändigini we ABŞ-nyň bu ýurtdaky ilçihanasyny iki bölünen şähere geçirmek prosesine başlaýandygyny yglan etmeginiň on gün soňundan edildi.

Bu karar arap we musulman dünýäsinde, şol sanda ABŞ-nyň ýewropa ýaranlarynda we beýleki ýerlerde köp adamyň gaharyny getirdi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk geňeşi 16-njy dekabrda Trampyň kararyny ret etmeli rezolýusiýanyň taslamasyna seretmäge başlady. Bu rezolýusiýanyň geçmegi üçin dokuz ses gerek bolar, emma ol tassyklansa hem, ABŞ oňa weto goýup biler.

Iýerusalimiň durumy ysraýyl-palestin konfliktindäki iň ynjyk meseleleriň biri bolup durýar.

Palestinalylar bu şäheri özleriniň geljekki döwletleriniň paýtagty hasaplaýarlar. Ysraýyl Gündogar Iýerusalimi anneksiýa etdi we tutuş şäheri özüniň paýtagty diýip jar etdi.

Emma bu çäre halkara jemgyýetçiligi tarapyndan hiç wagt ykrar edilmedi. Şunuň bilen baglylykda köp ýurt öz Ysraýyldaky ilçihanasyny Tel Awiwde saklaýar.

Fatahyň 16-njy dekabrdaky beýanatynda “Biz, ABŞ-nyň wise-prezidenti Maýk Pensiň saparyna gabat (20-nji dekabr) we Trampyň kararyna garşy protest bildirmek üçin Iýerusalimiň girelgesinde we onuň Köne şäherinde gaharly protestlere çagryýarys” diýilýär.

Palestin häkimiýeti mundan öň özüniň Pesniň Ýakyn Gündogara etjek sapary mahalynda onuň bilen duşuşmakdan ýüz öwürýändigini aýdypdy.

Birleşen Ştatlar, Trampyň yglan eden kararyna garamazdan, özüniň ysraýyl-palestin parahatçylyk ylalaşygynyň baglaşylmagyna kömek etmek meselesine ygrarly bolmagynda galýandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG