Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nyýazowyň ölüm güni sosial ulgamlarda Türkmenistanyň döwlet mediasyndan 'kän ýatlandy'


Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň jaýlanyşy (arhiw suraty)
Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň jaýlanyşy (arhiw suraty)

Azatlygyň çeşmeleri köp adamyň 21-nji dekabrda Türkmenistanyň merhum ilkinji prezidenti, awtoritar dolandyryjy Saparmyrat Nyýazowy, ýurtdaky dowam edýän agyr ykdysady krizisiň arasynda, 'ýagşylykda ýatlandygyny'; emma onuň adynyň döwlet eýeçilgindäki telewideniýede, ýogalan güni mynasybetli, öňki ýyllar bilen deňeşdirilende hem kän agzalmandygyny habar berýärler.

Özüni “Türkmenbaşy” diýip atlandyran, öňki sowet giňişliginde “ömürlik prezident” bolmagyň nusgasyny goýan Nyýazowyň ýogalanyna 19 ýyl boldy.

1940-njy ýylda dogan, Türkmenistana 1985-nji ýyldan ömrüniň ahyrky gününe çenli ýolbaşçylyk eden Saparmyrat Nyýazow, resmi maglumata görä, 2006-njy ýylyň 21-nji dekabrynda, 66 ýaşynyň içinde aradan çykdy.

Azatlygyň ýerli habarçysy ýönekeý adamlaryň arasynda Nyýazowy 'ýagşylykda ýatlaýan' raýatlaryň az däldigini habar berýär. Hususanda sosial ulgamlarda häzirki Berdimuhamedowlaryň dolandyryşyndaky, şol sanda ykdysady, sosial ýagdaýlar ýaly ugurlar bilen ozalky häkimiýet döwrüniň deňeşdirilýändigi bellenilýär.

Pikirini paýlaşýan ýaşaýjylar Nyýazow we Berdimuhamedowlar döwründäki ýaşaýyş, durmuş şertlerini deňeşdirip, häzirki häkimiýetlerde diňe ýurt başyndaky bir maşgalanyň we olaryň ýakynlarynyň bähbidiniň ileri tutulýandygyny aýdýarlar.

Habarçymyzyň söhbetdeşleriniň bir bölegi ýurduň Bitaraplyk durumy, manat pul dolanyşygy, döwlet nyşanlary, kril elipbiýinden latyn hatyna geçmek ýaly çäreleriň henizem ilkinji prezidentiň ady bilen baglanyşdyrylýandygyny öňe sürdi. Bellesek, Nyýazow döwründe onuň şahsyýet kulty ösdürilip, ýurduň durmuşyndaky ähli özgerişler gönümel onuň ady bilen baglanyşdyrylýardy.

Azatlygyň söhbetdeşleriniň beýleki bir bölegi Nyýazowy ýurtdaky awtoritar dolandyryşy ýol goýmakda we çuňlaşdyrmakda, adam hukuklarynyň dowamly bozulmagyny adaty bir zada öwürmekde jogapkär hasaplaýar.

Nyýazowyň dolandyryşyna syýasy baha berilmedi

Nyýazow ýogalanyndan soň, Türkmenistanda ilkinji prezidentiň diýdimzor dolandyryşyna töwrekleýin syýasy bara berilmedi we jemgyýetiň bir böleginde döwlet propagandasynyň täsiriniň saklanyp galýandygy aýdylýar.

Şeýle-de, söhbetdeşimiz ýönekeý adamlaryň köpüsiniň Nyýazowy “Türkmenistany GDA-nyň düzüminden çykaran we hakyky rus agalygyndan halas eden lider hökmünde, diňe gowulykda ýatlanýandyklaryny” belledi.

Azatlygyň aýry-aýrylykda söhbetdeş bolan raýatlarynyň biri häzirki hökümete ýakyn adamlaryň Nyýazowy halky neşekeş etmekde aýyplap, ony “türkmeniň soňuna sogan ekmekçi bolan ýolbaşçy” hökmünde häsiýetlendirýändiklerini aýtdy.

Onuň pikiriçe, häzirki hökümetiň tarapdarlary Nyýazow döwründe bolan ‘neşe bolçulygyny’ bahana edip, ony garalap görkezýärler we, dürli goşgular, aýdymlar bilen, ondan soňky bolan prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy 'neşe belasynyň soňuna çykan' hökmünde mahabatlandyrýarlar.

Habarçymyz bilen söhbetdeş bolan raýatlar soňky ýyllarda ilkinji prezidentiň ady dakylan köçeleriň, ilatly nokatlaryň ençemesiniň adynyň üýtgedilendigini bellediler.

Hökümete ýakyn çeşmäniň anonimlik şertinde tassyklamagyna görä, 2030-njy ýyla çenli ýurtda Türkmenbaşyny ýatladýan, onuň adyny göterýän ýekeje şäher, etrap, seýilgäh ýa-da ýokary we orta okuw jaýy... galmaly däl. Çeşme bu mesele boýunça ýörite iş maksatnamasynyň bardygyny, häzir onuň esli böleginiň ýerine ýetirilendigini öňe sürdi.

“Watan habarlary” Nyýazowy ýatlamagyny 'bes etdi'

Azatlyk bu diýilýän ‘iş maksatnamasynyň” hakykatdan hem bardygyny ýa ýokdugyny resmi taýdan tassykladyp-da, inkär etdirip hem bilmeýär.

Söhbetdeşlerimiziň biri merhum prezidentiň 21-nji dekabr güni, agşam sagat 21:00-da ýaýlyma berlen “Watan habarlary” gepleşiginde ýatlanylmandygyny aýtdy.

“Häzirki hökümet Türkmenbaşyny halkyň hakydasyndan çykarmaga çalyşýana meňzeýär. Bu ýakyn taryhy, garaşsyzlyk we bitaraplyk statusyny diňe Arkadagyň at-abraýyna baglamak syýasatyna bat berilmegi bilen bagly” diýip, ýaşaýjy sözüne goşdy.

Şol bir wagtda, Nyýazow Türkmenistanda öz şahsyýet kultuny döretmekde, 1980-nji ýyllaryň ortalarynda, SSSR-iň iň soňky ýolbaşçysy Mihail Gorbaçýowyň döwründe ýaýbaňlanan söz, pikir aýtmak, metbugat azatlyklaryny 1990-njy ýyllaryň ortalaryna çenli doly basyp ýatyrmakda tankyt edilýär.

Ýerli synçylar Türkmenistanyň şu günki döwlet dolandyryşynyň, syýasy, ykdysady we medeni erkinlikleriň berk çäklendirilmeginiň, adam hukuklarynyň dowamly bozulmagynyň esaslarynyň Nyýzow döwründe goýlandygyny we Berdimuhamedowlaryň bu ýörelgäni öz mümkinçilikleriniň çäginde dowam etdirýändiklerini aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG