Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dagystanda güman edilýän üç jeňçi öldürildi


Dagystan, partlama bolan ýer. Arhiw suraty.
Dagystan, partlama bolan ýer. Arhiw suraty.

Rus häkimiýetleri Dagystanda terrorizme garşy geçirilen operasiýa mahalynda güman edilýän üç jeňçiniň öldürilendigini aýdýar.

Terrorçylyga garşy milli komitet 17-nji dekabrda,“terror jenaýatlaryny” etmekde güman edilýän jeňçileriň Karabudakkent etrabyndaky Gubden obasynda gizlenýän hususy jaýy barada maglumat alanyndan soň, operasiýa başlandygyny aýtdy.

Jeňçileriň gizlenýän jaýynyň daşy gabaldy we atyşykda güman edilýän üç jeňçi öldürildi.

Kanun goraýjylardan we asuda ilatdan ölen bolmady diýip, beýanatda aýdylýar.

XS
SM
MD
LG