Sepleriň elýeterliligi

Owgan neşekeşleri sowukdan ölýär


Kabul, saglyk işgäri neşekeşi alyp barýar.

Owgan resmileri gijelerine paýtagt Kabulda howanyň aşa sowamagy netijesinde öý-öwzarsyz neşekeşleriň azyndan 10 sanysynyň heläk bolandygyny aýdýarlar.

Owganystanyň Saglyk ministrligi 16-njy dekabrda şäheriň dürli ýerlerinde 10 neşekeşiň ölendigini aýtdy. Ministrlikdäki başga bir çeşme, gowuşýan habarlara salgylanyp, Azatlyk radiosyna Selsiýa boýunça -3 gradusa düşen aldajy sowuk netijesinde onlarça neşekeşiň ölendigini gürrüň berdi.

Saglyk we Neşe maddalaryna garşy göreş ministrlikleri 16-njy dekabrda özleriniň Kabuldaky neşekeşleri ýygnap, olary bejermek we sowukda ölmekden halas etmek kampaniýasyna başlandyklaryny yglan etdiler.

Giň ýaýran neşe önümçiligi zerarly Owganystanyň paýtagty öýsüz-öwzarsyz neşekeşleriň barha köpelýän ýerine öwrüldi.

XS
SM
MD
LG