Sepleriň elýeterliligi

Kiýewde protestçiler Poroşenkonyň sud edilmegini talap edýärler


Kiýewde Mihaýil Saakaşwiliniň ýolbaşçylygyndaky partiýanyň tarapdarlary barrikadalary dikdiler. 18-nji dekabr, 2017 ý.

Kiýewiň merkezinde polisiýa gulluklary we protestçiler çaknyşýarlar. Ukrainanyň paýtagtynda köçä çykan birnäçe müň protestçi prezident Petro Poroşenkonyň sud edilmegini we ýurduň baş prokurorynyň wezipeden çekilmegini çagyryş etdiler.

“Garaşsyzlyk skweriniň” golaýyndaky “Oktýabr Köşgüne” girmekçi bolýan protestçiler bilen çaknyşykda azyndan 32 howpsuzlyk ofiseri ýaralandy. Tagtdan agdarylan ozalky prezident Wiktor Ýanukowiçiň garşysyna geçirilen protest çäreleri agzalýan meýdanda 2013-2014-nji ýyllarda aýlap dowam edipdi.

Protestçileriň köpüsi Ukrainanyň häzirki oppozision lideriň, Gruziýanyň ozalky prezidenti Mihail Saakaşwiliniň tarapdarlary.

Saakaşwili bir konsert zalda özüniň ştab kwartirasyny esaslandyrmagy göz öňünde tutýandygyny aýdansoň, protestçiler bu ýere zor bilen girmekçi boldular. Ýöne polisiýa gulluklary we Milli Gwardiýanyň güýçleri protestçileri saklamak üçin herekete geçdiler. Munuň netijesinde dörän çaknyşyklarda göz ýaşardýan gaz we ot söndürijiler ulanyldy.

Polisiýa gulluklary döwlet binasyna zor bilen girmäge synanyşmak, kanun goraýjylara garşy zorluk we haýbat hem-de kanun goraýjy edaralaryň öz işlerini ýerine ýetirmeklerine päsgelçilik döretmek maddalary esasynda protestçilere garşy jenaýat işiniň gozgalandygyny aýdyp, olary petarda zyňmakda we “näbelli gazy” getirmekde günäkärlediler.

Saakawşwili özüniň “Oktýabr Köşgünden” diňe iki otagy kireýini almak isländigini, köşgi zabt etmek synanyşyklaryna özüniň dahylynyň ýokdugyny aýtdy. Şeýle-de, ol çaknyşyklaryň prezident Petro Poroşenkonyň oýny we prowakasiýasydygyny belledi.

“Men aýnalary döwmezlige çagyrýaryn, sebäbi haçan-da biz millionlarça bolanymyzda, bu gapylaryň we aýnalaryň öz-özleri biziň öňümizde açylar. Bize olary döwmek zerur däl, adamlar!” diýip, Saakaşwili AÝ/AR-yň Ukrain gullugyny beren interwiýusynda aýtdy.

Binanyň daşyndaky protestçileriň hereketleri Kiýewdäki günbatarly diplomatlarda nägilelik döretdi.

Kanadanyň ilçisi Roman Wasçuk özüniň Twitter hasabynda “döwlet binasyny ele geçirip, ony harlamak parahatçylykly protest hukuklaryndan hyýanatçylykly peýdalanmak bolýar” diýip ýazdy.

Bu aralykda, Britaniýanyň ilçisi Judith Gough özüniň Wasçugyň tankydy bellikleri bilen “doly ylalaşýandygyny” aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň Kiýewdäki ilçihanasy hem Twitterden seslendi:

“Biz döwlet binasyny ele geçirip ony ýykmaga synanyşmak we parahatçylykly protest hukuklaryndan hyýanatçylykly peýdalanmak barada kanadaly we britaniýaly kärdeşlerimiziň aýdan bellikleri bilen ylalaşýarys.”

Polisiýanyň göz astyndaky demonstrasiýaçylar 17-nji dekabrda Kiýewiň merkezinden Garaşsyzlyk skwerine tarap ýörediler.

Olar parlamentden prezidentiň sud edilmegi boýunça kanun kabul etmegi we Baş prokuror Ýuriý Lutsenkonyň wezipeden çekilmegini talap etdiler.

Häkimiýetler Saakaşwilini 2014-nji fewral aýyndan tagtdan agdarylansoň Orsýete gaçyp baran Ýanukowiçiň ýolbaşçylgyndaky “jenaýatçy topar” diýilýäne ýardam bermekde aýyplaýarlar. Şeýle-de, olar Saakaşwiliniň protestlerine Orsýetiň Ukraina garşy alyp barýan dildüwşüginiň bir bölegi hökmünde garaýarlar.

Ukrain polisiýasy 5-nji dekabrda Saakaşwilini tussa astyna aljak boldy, ýöne onuň tarapdalary polisiýa ulagynyň töwereginde üýşüp, ony azat etdirdiler.

Ol şondan üç gün soňra ýene-de saklandy, ýöne prokurorlaryň ony öý tussaglygyna almak baradaky haýyşyny 11-nji dekabrda kazyýet ret etdi.

Lutsenko suduň bu kararyna şikaýat etjekdigini aýdyp, Saakaşwiliniň Gruziýa ektradisiýa edilmeginiň mümkindigini nygtady. Ol ýerde Saakaşwili prezidentlik döwründäki aýyplamalary esasynda gözlenilýär.

“Biziň ret etmäge hukugymyz bolmadyk ýurtdan bize ony ekstradisiýa etmek boýunça haýyş bilen ýüz tutdular” diýip Lutsenko 15-nji dekabrda habarçylara aýtdy.

Muňa garamazdan, Orsýetiň döwlet eýeçiligindäki TASS habar agentligi ýokary derejeli gürjüstanly resmileriň sözlerine salgylanyp, Gruziýanyň hiç hili ekstradisiýa haýyşy bilen ýüz tutmandygyny aýtdy.

Saakaşwili tussaglykda wagty müňlerçe adam Kiýewiň merkezinde onuň boşadylmagyny we Poroşenkonyň wezipeden çekilmegini talap edip, demonstrasiýa çärelerini geçirdiler.

Saakaşwili 2004-2013 – nji ýyllar aralygynda Gruziýanyň prezidenti bolupdy. Ol haçan-da ukrain raýatlygyny kabul edip, Odessanyň häkimi bolanda, ýagny 2015-nji ýylda gürji raýatlygyndan mahrum boldy.

Saakaşwili 2016-njy ýylyň noýabr aýynda giň ýaýran korrupsiýadan şikaýat edip, bu wezipeden çekildi we Poroşenkonyň gaýduwsyz garşydaşyna öwrüldi.

AÝ/AR bilen “Amerikanyň sesi” kanalynyň hyzmatdaşlyk etmeginde dolandyrylyp, rus dilinde efire berilýän “Current Time TV” kanalyna 12-nji dekabrda beren interwiýusynda Saakaşwili korrupsiýanyň Ukraina Orsýetden-de has beter zyýan ýetirendigini aýtdy.

Ol özüniň Ukrainanyň prezidentiniň wezipesine göz dikmeýändigini, sebäbi bu wezipäni etniki ukrainalynyň berjaý etmelidigini aýtdy.

“Häkimiýetler çyndanam “Orsýet” we “duşmanyň agentleri” diýip bagyrsaň ýeterlikdir, adamlaram muňa ynanar öýdýärler. Adamlar akmak däl. Olar muňa ozal ynanmandylar, indem ynanmazlar” diýip, Saakaşwili aýtdy.

Ýanukowiç agdarylansoň Orsýet 2014-nji ýylyň mart aýynda Ukrainanyň Krym regionyny bikanun anneksiýa etdi we gündogar Ukrainada 2014-nji ýylyň aprel aýyndan bäri 10 müň 300-den gowrak adamyň ölümine getiren seperatist pitneçileri goldady.

XS
SM
MD
LG