Sepleriň elýeterliligi

Eýran täze kanun taslamasy bilen haýwan hukuklaryny goramagy maksat edinýär


Işçiler haýwan penahanalarynyň birinde çaý içýärler.

Eýranda soňky birnäçe ýylyň dowamynda ýowuz daralýan itleri we beýleki haýwanlary görkezýän wideolaryň sosial mediada giňden ýaýramagy, ýurtda seýrek duş gelinýän jemgyýetçilik protestleriň döremegine we haýwanlary gorag astyna alyp, olary gynaýanlary jezalandyrýan kanuna çagyryş edilmegine getirdi.

Şol çagyryşlar indi kanagatlandyrylýar. Ýurtda haýwan gynamalaryna garşy täze kanun taslamasy taýýarlanylyp, parlamente hödürlenilýär.

Kazyýetde kanun taslamalarynyň we düzgünnamalaryň gözegçiligine seredýän Jafar Kazempur 11-nji noýabrda Mizanonline.ir bilen gürrüňdeşlikde täze kanun taslamasynyň esasynda haýwanlara zyýan ýetirilmeginiň we olaryň gynalmagynyň gadagan ediljekdigini aýtdy.

Täze kanun taslamasynyň esasynda haýwanlaryň gynalmagy, olaryň jynsy zorluga sezewar edilmegi, zerur bolmadyk hirurgiýa duçar bolmagy, olara şikes ýetirilmegi we haýwanlaryň tassyklanylmadyk ylmy tejribelerde ulanylmagy gadagan ediler. Kanun bozmalara ýol berlen halatynda adamlaryň haýsy anyk jezalar bilen jogapkärçilige çekiljekdigi nämälimliginde galýar.

“On ýyl mundan ozal hiç kim Eýranda haýwanlar üçin goraghanalar bolar, adamlar itleri gorap çyky eder, ýa-da eýesiz itleri we pişikleri iýmlemek biziň medeniýetimize girer diýip pikir etmezdi. Hiç kim bu zatlary göz öňüne-de getirmezdi. Ýöne bu şeýle boldy” diýip, haýwan hukuklaryny gorap çykyş edýän tähranly aktiwist Marýam Sanei aýdýar.

Kazyýet bilen gatnaşykly websaýta beren gürrüňinde Kazempur: “Haýwanlara garşy ýowuz daralmagyny kemeltmek üçin kanunçylyk zerur bolup durýardy, ynha şol çäreleri göz öňünde tutup, täze kanun taslamasy kabul edilýär” diýdi.

Bu görülýän çäreler soňky ýyllarda haýwanlara garşy ýowuz daralmagyny görkezýän wideo şekilli subutnamalaryň peýda bolmagynyň yzýanyna gabat geldi. Yslam kanunlary bilen dolandyrylýan bu ýurtda itler hapa hasaplanylýar we köplenç olara pes jandarlar hökmünde çemeleşilýär.

Internetde peýda bolan wideolaryň birinde ýüzi maskaly adamlar eýesiz itlere içi kislotaly jisimden doludygyna ynanylýan şpris bilen sanjym edýärler. Haýwan jenewerler çyňsap, agy-süteme, jebir-jepa çydap bilmän ölýärler.

Bu wagşy hereketler 2015-nji ýylda şirazly aktiwistler tarapyndan dokumentleşdirilpdir.

Beýleki bir wideoda awçydygy aýdylýan bir adam öz itini öler ýaly ýençýär. It böküp, agyr ulagyň yzyna münýär. Adam itiň yzyndan galman, ony pil bilen urýar. Haýwan jenewer süteme çydap bilmän çyňsap, aglaýan ýaly ses çykarýar.

Agzalýan wideo 2016-njy ýylda ýurduň demirgazyk künjünde ýerleşýän Gülistan welaýatynda ýazga düşürilipdir.

Bu wideolar sosial mediada giňden paýlaşylyp, Eýranyň birnäçe şäherinde, şol sanda paýtagt Tähranda protestleriň döremegine ýol açdy. Yzy üzülmeýän galmagallaryň fonunda resmiler çäre görmegi, şol sanda haýwanlara ýowuz daralmagynyň öňüni aljak täze kanunyň çykarylmagyny goldamak üçin 1 million goly toplamak kampaniýasyna ýardam bermegi wada berdiler.

2016-njy ýylda haýwanlara ýowuz çemeleşigiň we olaryň gynalmagynyň öňüni almak üçin ozal görlüp-eşidilmedik duşuşyk geçirilip, onuň dowamynda bu meseleler dogrusynda ýurtda bar bolan “kanunçylyk boşlugynyň” hötdesinden gelmek maslahat edilipdir. Geçen güýzde häkimiýetler yslam jeza kodeksine goşmaçalary we düzedişleri girizjek bu kanunyň taslamasy barada çyky etdiler.

Elbetde bu kanun 2014-nji ýylda käbir kanunçykaryjylaryň, itini jemgyýetçilikde ýöredýän adamlary 74 gezek gamçylap, olara 3500 dollar jerime töletmeli diýlip edilen kanun teklibinden düýpgöter başgaçady.

Eýranyň Tebigy gurşaw departamentiniň ýokary geňeşçisi Farhad Dabiri ýurduň ýarym resmi “ILNA” täzelikler gullugyna beren gürrüňinde, geçen ýyl öz edaralarynyň öňünde guralan protest çäresi guramanyň şol wagtky ýolbaşçysy Massumeh Ebtekara täsir edipdir we şondan soň ol täze kanun taslamasynyň taýýarlanylmagyna goşant goşmagyň ugruna çykypdyr.

Haýwanlary hukuklaryny goramak boýunça tähranly aktiwist Marýam Saneýiniň sözlerine görä bu çäre köpsanly adamlaryň bu ugurda birnäçe ýyllap eden tagallalarynyň netijesi.

Ol AÝ/AR bilen gürrüňdeşlikde: “Köpsanly haýwan hukuklaryny goramak boýunça aktiwistler, tebigaty goramak boýunça aktiwistler, şol protestlere gatnaşanlar we sungat işgärleri bize kömek etdiler” diýdi.

Saneýi bu kanun taslamasy soňluga bilen kanuna öwrüler diýip umyt edýär.

“On ýyl mundan ozal hiç kim Eýranda haýwanlar üçin goraghanalar bolar, adamlar itleri gorap çykyş eder, ýa-da eýesiz itleri we pişikleri iýmlemek biziň medeniýetimize girer diýip pikir etmezdi. Hiç kim bu zatlary göz öňüne-de getirmezdi. Ýöne bu şeýle boldy” diýip, haýwan hukuklaryny gorap çykyş edýän tähranly aktiwist Marýam Sanei aýdýar.

“Meniň pikirimçe bu taslama üstümizdäki ýyllarda kabul ediler, onsoň bizde-de haýwanlara şikes ýetirýän adamlara garşy hereket edýän kanun bolar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Ýöne, muňa garamazdan, beýlekiler o diýen umydygär däl.

“Bu kanun yslamyň jeza kodeksine düzediş hökmünde girizilýär. Bu ýeterlik derejede güýçli däl we haýwanlara garşy alnyp barylýan zulmuň öňüni doly alyp bilmez. Sebäbi, bize gelip gowuşýan habarlardan çen tutsaň kanuny bozan adamlara birinji sapar diňe duýduryş berlip, olardan düşündiriş talap ediler” diýip, AÝ/AR-yň “Radio Farda” gullugy bilen gürrüňdeşlikde atlandyrylmazlyk şerti bilen çykyş eden aktiwist aýtdy.

Şeýle-de ol agzalýan taslamanyň parlamentde haçan ara-alnyp maslahatlaşyljakdygynyň mälim däldigini aýtdy.

“Has ähmiýetsiz meseleler parlamantde dessine maslahat edilip, derrew karar çykarylýar” diýip, ol aýtdy.

Beýleki bir aktiwist özüniň berk çäreleriň dessine güýje girmegini isleýändigine garamazdan, munuň taslama hökmünde kabul edilmegi eýýäm oňyn ädim diýdi.

Ol aktiwistleriň haýwan hukuklary babatda geçiren demonstrasiýalarynyň oňyn netije berendigini aýdyp, jemgyýetçilik garaýyşlarynyň ýuwaş-ýuwaşdan özgerýändigini belledi.

“Biz ozallar haçan Tähranyň [ýeter-ýetmezliräk] etrapçalaryna barsak, eýesiz itleri we pişikleri daşlamak üçin daş çöpleýän çagalara duşardyk. Bu günki günde şeýle ýagdaýlar gaty seýrek duş gelýär” diýip AÝ/AR-da atlandyrylmazlyk şerti bilen çykyş eden gürrüňdeşimiz belledi.

Eýranyň hökümet neşrinde çykyş eden kanunçykaryjy Ýahýa Kamalipur täze taslama parlamentiň kazyýet komissiýasyna baryp ýetensoň, “üns çekip başlar” diýdi.

Ol 11-nji dekabrda: “Bizde häzirki wagt seljerilmäge garaşýan 40 sany taslamanyň we planyň bardygyna garamazdan, çözgüt tapmaga synanyşyrasy diýip umyt edýärin” diýdi.

Haýwanlara adamkärçilikli çemeleşilmegi dogrusynda oňyn jemgyýetçilik garaýyşy ösýär. Muňa aýakdaşlykda adamlarda it edinmek meýilleri hem özgerýär. Bu meýli ýurduň “demi güýçli” dindarlary günbataryň “messepsiz” medeniýetine öýkünmeklik hasaplaýarlar. It edinmek boýunça trendler hususan-da uly şäherlerde halkyň orta we ýokary gatlaklarynyň arasynda has giňden ýoň bolup barýar diýilýär.

Birnäçe aktiwist Telgram we Instagram tilsimleri arkaly itlere we pişiklere ýowuz daraýanlary dokumentleşdirýärler, şeýle-de olar ýaralanan haýwanlary bejermek we iýmlemek üçin bu tilsimleri ulanyp kömek soraýarlar.

Instagramdaky ýüz müňlerçe yzarlaýyjysyna buýsanýan bir aktiwist AÝ/AR-a beren gürrüňinde biperwaý bolmadyk raýatlaryň berýän haýyr-sahawat kömegi bilen, Eýranyň paýtagtyndaky ünsden gaçan eýesiz itlere we beýleki haýwanlara hossar çykýandygyny aýdýar.

Soňky döwürde kanunçykaryjylar “haýwanlaryň uruşdyrylyp ýaryşdyrylmagyny we gandökülmegini” hem tankyt edip, çykyş edip başladylar.

Şeýle-de, halkyň hossar çykmagyndaky haýwan penahanalarynyň sany hem artýar. Mysal üçin, keramatly şäher hasaplanýan Maşatda-da şeýle penahalaryň biri hereket edýär.

XS
SM
MD
LG