Gyrgyzystanyň oppozisiýa syýasatçysy we prezidentlik wezipesine ozalky dalaşgär Omurbek Babanow özüniň Bişkekdäki telewizion kanalyna gulp urulmagy boýunça alnyp barylýan tagallalary “reýd bilen basyp almak” atlandyrdy.
20-nji dekabrda Babanow özüniň Facebook sahypasynda Gyrgyzystanyň iň uly hususy TW stansiýasy bolan NTS kanalyna garşy görülýän çäreleriň “akyla sygmajak zatdygyny” ýazdy.
Suduň we polisiýanyň işgärleri 19-njy dekabrda NTS-iň binasyna reýd geçirdiler. Häkimiýetler bu emlägi konfiskasiýa etmek boýunça ellerinde suduň kararynyň bardygyny aýtdylar.
“NTS telewizion kanalyny basyp alýarlar” diýip, Babanow ýazdy. Ol reýdi geçirýän adamlaryň kazyýetlerden bikanun peýdalanýandyklaryny aýtdy.
“Indi kanuny dokumentler dereksizmi? Adalat hiç zatmy? Olaryň esasy maksady hususy telewizion kanaly ýapmak ýa-da ele geçirmekmi?” diýip ýazdy.
Babanow reýdiň aňyrsyndaky adamlar ozalky prezident Kurmanbek Bakiýewiň ogly Maksim Bakiýewiň “bähbitlerine gulluk edýärler” diýdi. Bakiýew 2010-njy ýylda ýurtda turan protestleriň netijesinde tagtdan agdarylyp, ýurtdan gaçyp çykypdy. Ozalky prezidente we onuň ogluna garşy jenaýat işi gozgalyp, olaryň ikisi-de häzirki wagtda daşary ýurtda ýaşaýarlar.
NTS kanalynyň adwokaty Amantur Abdrahmanow 20-nji dekabrda AÝ/AR-a beren gürrüňinde suduň 19-njy dekabrda telewizion kanaly konfiskasiýa etmek boýunça çykaran kararynyň “Grexton Capital LTD” atly kompaniýanyň talap arzasyna esaslanandygyny aýtdy.
Guramaçylykly jenaýat we korrupsiýa boýunça hasabat proýektiniň (OCCRP) maglumat bazasyndan alnan Gyrgyzystanyň Adalat ministrligine degişli bir dokumentde “Grexton Trade Company” atly adybir kompaniýa Sergeý Kostyriniň ýolbaşçylygyndaky “Grexton Investment Group” tarapyndan 2006-nji ýylyň oktýabr aýynda Bişkekde esaslandyrylypdyr.
Kostyrin Maksim Bakiýewiň ýaranydyr.
Biznesmen Babanow 15-nji oktýabrda geçirilen saýlawlarda ikinji orny eýeldi, ýöne onuň garşysyna saýlaw kampaniýalary döwründe etniki bölünişige meçew berdi diýlip derňew işi gozgalansoň, Babanow ýurdy terk etdi.
Öňe sürülýän çaklamalary ret edýän Babanowyň häzirki wagtda nirede ýaşaýandygy nämälimliginde galýar.
NTS kanalyna reýd geçirilmegi prezident Sooronbaý Jeenbekowyň media azatlyklaryna çemeleşigi dogrusynda nobatdaky aladalaryň güýjemegine getirer diýlip çak edilýär. Jeenbekow prezidentlige hökümet başyndaky partiýadan dalaş etdi we 24-nji noýabrda kasam kabul etdi. Ozalky prezident Almazbek Atambaýew Jeenbekowyň kandidatlygyny goldap çykyş edipdi.
Häkimiýetler NTS-niň binaýdyndaky “Sanjyra” radio stansiýasynyň lisenziýasyny uzaltmakdan ýüz öwrensoň, noýabr aýynda bu kanal efirden çykaryldy.
Agzalýan radio kanala girizilen efir gadagançylygy dowam edýär, ýöne kompaniýanyň resmileri “Jalbyrak” (Ýaprak) atly täze Internet TW kanalyny ýola goýdular. Bu kanal öz gepleşiklerini internet arkaly ýaýlyma berýär.
NTS kanalyna garşy görülýän çäreler hususy eýeçilikdäki “Sentýabr” atly digital telewizion kanalyň suduň karary bilen ýapylmagyndan dört aý soňa gabat geldi. Sud bu kanal baradaky kararyny “ekstremist mazmunly” diýip esaslandyrypdy.
Ol kanal Atambaýewe garşy gönükdiren tankydy bellikleri bilen tanaldy.
AÝ/AR-yň Gyrgyz gullugy Gyrgyzystanda NTS kanaly we beýleki garaşsyz media serişdeleri bilen hyzmatdaşlyk edýär.