Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen pagtaçylarynyň çekýän güzaplary


Halkara hukuk toparlary resmi Aşgabady pagta ýygymynda mejbury zähmeti ulanmakda-da yzygiderli tankyt edýär.
Halkara hukuk toparlary resmi Aşgabady pagta ýygymynda mejbury zähmeti ulanmakda-da yzygiderli tankyt edýär.

Geçen aýyň aýagynda türkmen prezidenti Gurbanguly Bedimuhamedow ýurduň käbir welaýat we etraplarynda pagta hasylynyň azlygyndan we pagta ýygymynyň haýallygyndan nägile bolupdy.

Prezident munuň sebäplerini aýdyňlaşdyrman, ýerli ýolbaşçylara käýinç bermek we häkimleri wezipesinden boşatmak bilen çäklendi. Döwlet mediasynda-da pagta hasylynyň “azlygynyň” sebäpleri dogrusynda hiç hili maglumat berilmedi.

Onuň yz ýany Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna pagtaçy daýhanlardan hatlar gelip, olar hökümetiň owaly bilen öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmeýändiginden şikaýat edip, pagta hasylynyň azlygy diňe bir hökümet planyna däl, eýsem daýhanlara-da agyr zarba urýandygyndan zeýrendiler.

Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli atlandyrylmasyzlygyny soran daşoguzly kärendeçileriň biri, şu ýylky pagta hasylynyň ekilişinden, tä hasaplaşyk geçirilen döwre çenli başdan geçiren güzaplaryny sanap geçdi.

“Ir bahardan başlap, daýhanlaryň pagta ekişine girişmekleri üçin, ekin ýerlerinde çala sürüm işleri geçirip, pagta ekişine gyssagly başlatdyrdylar. Tohumlyk çigidiň ýaramazdygy sebäpli, ir ekilen pagta welaýatyň tas ähli etraplarynda diýen ýaly söküldi.

Soňra pagtany ikinji gezek ekdirdiler. Maý aýynyň ahyrynda welaýat häkiminiň hut özi obama-oba aýlanyp, gowaçanyň ikinji sapar ekilişiginiň üstünde durup, gözegçilik etdi. Şeýlelikde, iýun aýyna az wagt galanda, pagtanyň ekişi tamamlandy.

Gowaça gögerip, mineral dökün, ýagny azot bermeli wagty, azot tapdyrmady. Zerur döküniň deregine fosfor we her gektar ýere 50 kilogram korbamit berdiler. Bellemeli ýeri, bu dökünler ir baharda berilmeli bolsa-da, bu eýýäm awgust aýynyň başlarydy.

Emma kärendeçilere tapylmadyk azodyň hususyýetçilere her 50 kilogramlyk bir gabynyň 80 manada satylandygyna tutuş ýaz, tomus aýlary şaýat bolduk. Garaz, gören güzaplarymyz diňe bular bilen hem çäklenmedi.

Giç ekilen gowaça gozalaryny sowuk düşmänkä emeli taýdan açdyrmak üçin, bir aýlap “Dermanhimiýa” edarlaryna gatnap, gowaçanyň ýapraklaryny düşürýän serişdeleri soradyk. Ahyry sentýabryň 28-ne gerekli dermanlary alyp bildik.

Samolýot bilen dermany sepdiler. Emma munuň hiç hili peýdasy bolmady. Gowaçanyň ýapraklary düşüp ýetişmänkä, oktýabryň başynda howa -2 gradusa düşüp, gowaçany sowuk urdy. Garaz, ýerli resmileriň ýel ýaly her tarapa öwsüp durmagy netijesinde, hasylymyzyň aglaba bölegi harap boldy.

Bularyň baryna göz ýumsaň-da, barja tabşyran pagtamyzyň puluny häzirki güne çenli hem alyp bilmän gelýäris. Puly plastik kartlaryna geçirilen sanlyja daýhanlar hem bankomatlarda puluň ýoklugy sebäpli, eýýäm ençeme aýlap pullaryny nagtlaşdyryp bilmän kösenýärler”.

Gepiň gerdişine görä bellesek, Azatlyk Radiosy bu hatdaky beýan edilen ýagdaýlar dogrusynda, Daşogzuň häkimliginden hiç hili kommentariýa alyp bilmedi.

Galyberse-de, ýerli synçylaryň köpüsi Türkmenistanda ýokardan berilýän pagta planynyň doldurylmazlygynyň esasan daýhanlaryň iş we gazanç şertleri bilen baglydygyny, mejbury zähmet şertlerinde ýokary hasyl almagyň mümkin däldigini öňe sürýärler.

Halkara hukuk toparlary resmi Aşgabady pagta ýygymynda mejbury zähmeti ulanmakda-da yzygiderli tankyt edýär.

XS
SM
MD
LG