Sepleriň elýeterliligi

Türkmen prezidenti täze ýyl arçasynyň öňündäki dabara gatnaşdy, Wepaly atly itiň heýkelini açdy


Aşgabat

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow täze ýyl arçasynyň daşyndaky dabara gatnaşdy şeýle-de Wepaly atly itiň heýkelini açdy diýip, ýurduň döwlet mediasy habar berdi.

Türkmen itini alabaýy şekillendirýän heýkel Aşgabadyň merkezinde ýerleşýän Olimpiýa şäherçesinde ýerleşdirildi. Wepaly diýlip at berilen güjügiň şekili sentýabrda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň resmi tumary edilip, prezident Berdimuhamedowyň inisiatiwasy boýunça bellenipdi.

TDH gullugynyň maglumatyna görä, milli türkmen donuna we telpege geýindirilen güjügiň heýkeliniň 20-nji dekabrda geçirilen açylyş dabarasyna Türkmenistanyň prezidenti bilen bilelikde hökümet we parlament resmileri, harby we howpsuzlyk resmileri hem gatnaşypdyr.

Munuň öňüsyrasynda adam hukuklaryny goraýjylar häkimiýetleriň Aşgabatda we onuň eteginde käbir öýsüz haýwanlary köçelerde öldürýändigini, şeýle-de awlanýan itleriň eltilýän ýerlerinde açlykdan ölýändigini habar beripdi.

XS
SM
MD
LG