Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan: Bankomatlardaky pul ýetmezçiligi daýhany köseýär


Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň bankomatlarynda nagt puluň ýetmezçilik etmegi ýaşaýjylaryň kösenjini artdyrýar. Şu günler welaýatlarda daýhanlaryň ýyllyk girdejileriniň hasaplaşyk döwriniň başlanmagy bilen bu kösençligiň has hem artandygyna ünsi çekýärler.

Mary welaýatynyň etraplarynda bankomatlaryň öňündäki nobatlar gijesi bilen saklanýar. Gündiz iş sagatlarynyň gutarmagy bilen bankomatlarda hem pul gutarýar. Uzakly güni nobata duryp, bankomatdan pul çekip bilmedik ýaşaýjylar erteki gün üçin öňräkden nobata durjak bolup, gijesini hem bankomatlaryň ýanynda ýa-da awtoulaglarynda geçirýärler.

Ýolöten şäherniň ýaşaýjysy, özüni Anna aga diýip tanyşdyran ýaşaýjynyň sözüne görä, daýhanlar uzakly gijäni nobata durup geçirseler-de, bir günde bankomatdan diňe müň manat pul çekip bilýärler. Bir müňden artyk pul çekmäge çäklendirme girizilipdir. Şol sebäpli hem daýhanlar öz ýyllyk girdejilerini almakda uly kösençlige sezewar bolýarlar.

Ýolöten şäherinde Daýhan bankyň, Türkmenbaşybankyň, Senagatbankyň şahamçalary hereket edýärler. Emma nobatlar azalmaýar. Günüň dowamynda hem bankomatlarda pul gutaryp, nobata duran adamlar bankomatlara täzeden pul goýulýança garaşmaly bolýarlar.

Bu ýagdaýlardan bank işgärlerniň hem gazanç etmäge mümkinçilik tapýandyklaryna hem ünsi çekýär. Tanyş-bilşiň bolsa, bir müň manat üçin bank işgärleriniň eline 5 manat berseň, olar seniň puluňy bankdan özleri alyp berýärler. 5 manadyny tygşytlamak isleýän müşderiler bolsa gijesi bilen nobata durýarlar.

Etrabyň ýaşaýjysy Anna aganyň aýtmagyna görä, bankomatlardan ýeterlik puly çekip bolmazlyk daýhanlaryň has hem garyplaşmagyna getirýär. Bazarlarda nyrhlar ösüp barýar, harytlar hepdede däl, günde gymmatlaýar. Bankomatlardan girdejimizi alyp, hojalyga gerekli harytlary wagtynda alyp ýetişmeseň zyýana galýaň.

“Pylan zat edineris diýip öňünden bahasyna görä eden niýetlerimiz ol harytlaryň gymmatlamagy bilen elimizde bar pul zerur zatlarymyzyň ýarsyna hem ýetjek däl. Bankomatdan gerek puluňy bir bada çekip bolsa, onda gerekli harydyňy şol günki nyrhy bilen satyn alsa bolardy. Ýöne bankomatlarda nobata durup, 10-15 günläp pulumyzy alyp bilmän kösenýän halatymyzda, bazarda harytlaryň bahalary hem ýokarlanyp barýar” diýip, ol aýdýar.

Aşa ýokarlanýan tutumlar, edilen ýa-da edilmedik hyzmatlar üçin diýlip saklanýan tutumlar daýhany garyp düşürýär. Iň soňunda-da, bankomatlardan öz halal girdejisini hem wagtyda alyp bilmän, puluň hümmetsizlenmegine, harytlaryň gymmatlamagyna duçar bolýarlar.

XS
SM
MD
LG