Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň wise-prezidenti Mike Pense owgan urşundaky "öňegidişligi" makullady


ABŞ-nyň wise-prezidenti Mike Pense Bagram howa bazasynda, Owganystan, 21-nji dekabr, 2017

ABŞ-nyň wise-prezidenti Mike Pense Owganystana eden duýdansyz saparynda ABŞ-nyň we Owganystanyň harbylaryny 16 ýyl bäri dowam edýän uruşda, onuň öz sözi bilen aýdylanda, “real öňegidişlik” üçin gutlady we prezident Donald Trampyň täze strategiýasynyň işläp başlamagyny yglan etdi.

Pense 22-nji dekabrda agşam Kabulda Owganystanyň prezidenti Aşraf Ghani we dolandyryjy ýolbaşçysy Abdullah Abdullah bilen geçiren gepleşiklerinde özüne iki owgan resmisiniň “Talybanyň içinde üýtgeşikligi görüp başlandygyny” aýdandygyny belledi. Ghani konfliktiň ozalky döwri bilen deňeşdirilende şu ýyl has köp “Talyban” lideriniň öldürlendigini habar berdi.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň tomusda yglan eden täze strategiýasynda ABŞ-nyň guryýere goşunyny san taýdan artdyrmak we ABŞ-nyň harbylaryna “Talybana” garşy howadan söweşmekde has köp ygtyýar bermek göz öňünde tutulýar. Pense bu strategiýanyň häzir netije berip başlandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG