Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bodrumda ten söwdasynyň üstünde tutulan türkmen zenany deportasiýa edildi


Bodrum

Türkiýäniň Egeý deňziniň kenarynda ýerleşýän, dünýä belli turizm şäheri Bodrumda ýene bir türkmenistanly zenan ýanyndaky migrant ýaranlary bilen ten söwdasynyň üstünde tutuldy.

Türkiýäniň "haberler.com" atly internet neşiri Mugla welaýatynyň Bodrum etrabynda ten söwdasyna garşy gurnalan operasiýada ele salnan türkmen zenany bilen ýanyndaky daşary ýurtly boýdaşlarynyň polisdäki soragdan soň gyssagly ýagdaýda deportasiýa edilendigini bildirýär.

"Milliýet" gazeti "daşary ýurtly zenanlar polisdäki soragda Bodruma dynç almaga gelendigini we pullary gutaransoň ten söwdasyna baş goşup, ondan gazananlary bilen ýene dynç almagy dowam edendigi barasynda düşündiriş beripdirler" diýip ýazýar.

Gazetiň ýazmagyna görä, Bodrum polisiniň howpsuzlyk gullugynyň işgärleri geçiren aňtaw işiniň netijesinde 20-nji dekabrda gijäň ýarymynda ten söwdasynda güman edilýän migrant zenan bilen Gümbet mähellesindäki bir myhmanhanada duşuşmak üçin wagt belleşen bir raýaty yzarlapdyr.

Ol müşderiniň myhmanhana bellenen wagtda gelensoň, gysga wagtyň içinde 3 migrant zenan hem şol ýere gelip, her biri aýratynlykda üç otaga giripdir. Ondan soň myhmanhananyň golaýynda garaşyp duran polisler olary ten söwdasynyň üstünde tutupdyr.

Polisiň gurnan operasiýasynda S.S atly 28 ýaşyndaky türkmenistanly, A.M. atly 19 ýaşyndaky gyrgyzystanly we 22 ýaşyndaky O.A. atly daşary ýurtly zenanlaryň ele salynandygyny aýdylýar.

Ýeri gelende ýatlatsak, Türkiýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri mundan owal hem birnäçe gezek yzly-yzyna Bodrumda, şol bir ýerde türkmen zenanlarynyň öz ýaranlary bilen ten söwdasynda tutulandygyny mälim edipdi.

2-nji noýabrdaMugla welaýatynyň Bodrum etrabynyň polisiniň howpsuzlyk bölüminiň işgärleriniň bir aýa golaý wagtlap yzarlan aýallarynyň ten söwdasy bilen meşgullanýandygyny doly anyklanyndan soň, Gümbet mähellesinde ýerleşýän bir apart myhmanhana gurnan operasiýasynda, ten söwdasy bilen meşgullanýan biri türkmenistanly, 3 sanysy gyrgyzystanly we 2 sanysy gazagystanly jemi 6 daşary ýurtly zenan ele salnypdy.

Şeýle-de türk polisiniň 28-nji oktýabrda Bodrum şäheriniň Gümbet diýen ýerindäki bir myhmanhana gurnan operasiýasynda, ten söwdasynda güman edilýän türkmenistanly zenany, gyrgyzystanly we russiýaly zenany migrant ýaranlary bilen bilelikde saklap, olaryň deportasiýa edilmegine karar beripdi.

Şonuň ýaly-da türk polisi şu ýylyň iýun aýynyň ortasynda hem ýene Bodrum şäheriniň şol bir ýerinde, ýagny Gümbet mähellesindäki bir myhmanhanada ten söwdasy bilen meşgullanmakda aýyplanýan türkmenistanly bir zenan bilen onuň üç gyrgyzystanly we iki sany hem russiýaly ýaranyny iki hepdeläp tehniki hem fiziki görnüşde yzarlandan soň, olardan üç sanysyny bir awtoulagyň içinde jynsy gatnaşykdaka, ýene iki sanysyny hem raýat geýimli polisiýa işgärleri bilen ten söwdasyny edýän mahaly ele salypdy.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG