Bilermenleriň aýtmagyna görä, Türkiýe diňe bir türkmenistanly migrantlaryň däl eýsem, Owganystan bilen Pakistanda ýaşaýan etniki türkmenlerden bolan migrantlaryň hem ýykgyn edýän esasy ýurtlarynyň başyny çekýär.
Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň bu sanyny Owganystandan we Pakistandan Türkiýä işlemäge gelýän türkmen zähmet migrantarynyň başdan geçirýän kynçylyklaryna gönükdirýär.
Stambulda işläp ýören owganystanly türkmen zähmet migrantlaryndan Hekim pälwan we Nygmatylla öz ildeşleriniň Türkiýä işlemäge gelmek üçin ýolda başdan geçirýän kynçylyklary, soň olaryň iş hem durmuş şertleri barasynda Azatlyk Radiosyna gürrüň berýärler.
Gepleşigi diňläp, bu tema bilen baglanşykly maglumatyňyzy ýa-da bean etjek pikriňizi aşakdaky foruma teswir görnüşinde ýazyp bilersiňiz.