Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň oppozision lideri prezidentlige dalaş etmek üçin ýeterlik goldaw aldym diýýär


Nawalnyý ýygnanyşykda eden çykyşynda prezident Wladimir Putini “ýaramaz prezident” diýip atlandyrdy.
Nawalnyý ýygnanyşykda eden çykyşynda prezident Wladimir Putini “ýaramaz prezident” diýip atlandyrdy.

Orsýetiň korrupsiýa garşy aktiwisti we oppozisiýadaky syýasatçysy Alekseý nawalnyý geljekki prezident saýlawlarynda bäsleşige goşulmak üçin ýeterlik goldaw toplandygyny aýdýar.

Onuň goldawçylary Orsýetiň çar künjegindäki şäherleriň 20-sinde öz kandidatlaryna ýeterlik gol toplamak üçin ýygnanyşyk geçirdiler.

Kremliň tanymal tankytçysy Nawalny, jenaýat etmekde ýazgarylandygy üçin, 2018-nji ýylyň martynda geçiriljek prezident saýlawlarynda bäsleşige gatnaşmasyz edildi, emma ol bu gadaganlygyň syýasy sebäpleriniň bardygyny aýdýar.

Nawalnyý 24-nji dekabrda Moskwada guralan ýygnanyşykda eden çykyşynda prezident Wladimir Putini “ýaramaz prezident” diýip atlandyrdy.

Nawalnynyň 800 töweregi goldawçysy ony resmi taýdan prezidentlige kandidat görkezmek üçin Moskwada gar basan derýanyň gyrasynda gurlan ägirt uly çadyrda toplandy.Bu çäre Merkezi saýlaw komissiýasynyň resmileri hem gözegçilik etdi.

Nawalnynyň goldawçylary. Sankt Peterburg
Nawalnynyň goldawçylary. Sankt Peterburg

Şuňa meňzeş çäreler Orsýetiň ýene 19 şäherinde, şol sanda Wladiwostok, Nowosibirsk, Perm, Omsk we Krasnoýarsk şäherlerinde hem geçirildi.

Nawalny, kanun esasynda, prezidentlige kandidat bolmak üçin ýurt boýunça özüne her 20 şäherden 500 goluň zerurdygyny aýdýar.

Biraz soňra ol twitterde prezidentlige rresmi kandidat bolmak üçin ýeterlik goldawy ýygnandygyny habar berdi:

“Men saýlawçylaryň aktiwist toparlarynyň teklip etmeklerinde resmi kandidat boldum. Ýurduň çar künjeginde bu çärä gatnaşanlaryň hemmesine köp sagbolsun aýdýaryn. Siz iň gowularsyňyz” diýip, oppozisiýadaky syýasatçy ýazdy.

XS
SM
MD
LG