Sepleriň elýeterliligi

Owganystanyň milli aňtaw agentliginiň golaýynda partlamada azyndan alty adam wepat boldy


Owganystanyň kartasy

25-nji dekabrda irden Owganystanyň milli aňtaw agentliginiň binasynyň golaýynda janyndan geçen hüjümçiniň özüni partlatmagynyň netijesinde azyndan alty parahat ýaşaýjy wepat boldy diýip, milli howpsuzlyk resmileri habar berdiler.

Içeri işler ministrliginiň metbugat-wekili Nasrat Rahimi hüjümiň ir sagat 7:40 töwereginde Kabulyň Şaş Darak etrabynda Abdul-Hak meýdançasynda Milli howpsuzlyk müdirliginiň girelgesiniň golaýynda bolandygyny habar berdi.

Bu etrapda ABŞ-nyň ilçihanasy we NATO-nyň edarasy ýerleşýär.

“Yslam döwleti” (YD) ekstremist topary AMAQ websaýtynda çap eden maglumatynda bu hüjüme jogapkärdigini aýtdy.

Owganystanyň Saglyk ministrligi azyndan üç adamyň ýaralanandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG