Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň Merkezi saýlaw komissiýasy Nawalnyny prezidentlik saýlawlaryna dalaşgär hökmünde hasaba almakdan ýüz öwürdi


Alekseý Nawalnyý
Alekseý Nawalnyý

Orsýetiň Merkezi saýlaw komissiýasy oppozision syýasatçy Alekseý Nawalnynyň 2018-nji ýylyň mart aýynda geçiriljek prezidentlik saýlawlaryna dalaşgär hökmünde gatnaşmak boýunça arzasyny ret etdi.

Orsýetli korrupsiýa garşy aktiwist we oppozision syýasatçy Alekseý Nawalnyý prezidentlik saýlawlaryna dalaşgär hökmünde gatnaşmak üçin zerur dokumentleri toplap, Merkezi saýlaw komissiýasyna gowşurandygyny 25-nji dekabrda irden habar beripdi.

“Biz bolmazdan saýlawlarlar saýlaw däldir” diýip, Nawalnyý 24-nji dekabrda agşam öz dokumentlerini tabşyrmagynyň öňüsyrasynda aýtdy.

“Biz häzirki häkimiýetlere garşy çykmaga ukyply. Biziň esasy talabymyz saýlawlara gatnaşmagymyza rugsat berilmegidir” diýip, Nawalnyý Merkezi saýlaw komissiýasynyň Moskwanyň merkezindäki binasyny terk etmeginiň öňüsyrasynda aýdy.

Kremliň açyk tankytçysy Nawalnynyň 2018-nji ýylyň mart aýynda geçiriljek prezidentlik saýlawlaryna gatnaşmagyna onuň jenaýat jogapkärçiligine çekilmegi sebäpli gadagan edilipdi. Nawalnyý özüne garşy gozgalan işleri syýasy matlaply atlandyrýar.

Nawalnynyň saýlawlara gatnaşmagy üçin onuň jenaýat işi ýatyrylmaly, ýa-da oňa ýörite rugsat berilmeli.

Nawalnynyň dokumentlerini kabul etmek üçin iş sagatlaryny artdyran Merkezi saýlaw komissiýasynyň ony dalaşgär hökmünde registrasiýa edip-etmezligi üçin bäş güni bar.

24-nji dekabrda Nawalnyý saýlawlara gatnaşmak üçin ýeterlik goldaw toplandygyny yglan etdi. Munuň öňüsyrasynda Nawalnynyň tarapdarlary ýurduň 20 şäherinde ýöriş geçirip, 15000 gol toplandygyny mälim etdiler.

XS
SM
MD
LG