Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin, Berdimuhamedow GDA-nyň çägindäki hyzmatdaşlygy maslahat etdiler


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin (ç) we Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (s), Aşgabat, 2-nji oktýabr, 2017
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin (ç) we Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (s), Aşgabat, 2-nji oktýabr, 2017

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde ikitaraplaýyn gün tertibindäki aktual meseleleri, şol sanda Garaşsyz döwletleriň arkalaşygy (GDA) guramasynyň çägindäki hyzmatdaşlygy maslahat etdi diýip, Orsýetiň TASS agentligi 25-nji dekabrda habar berdi.

Iki ýurduň baştutanlarynyň arasyndaky telefon söhbetdeşligi türkmen tarapynyň inisiatiwasy boýunça geçirildi diýlip, maglumatda Kremliň metbugat gullugyna salgylanyp habar berilýär.

“Liderler ýetip gelýän täze ýyl bilen baglylykda gutlag alyşdylar” diýip, TASS habar berdi.

Türkmenistan post sowet döwletleriniň regional bileleşigi bolan GDA gurmasyna 1991-nji ýylda agza boldy we 2005-nji ýylyň awgust aýynda guramadan çykýandygyny we onuň düzüminde ýörite statusda vagny assosiirlenen agza hökmünde boljagyny yglan etdi.

XS
SM
MD
LG