Sepleriň elýeterliligi

Türk polisiýasy Täze ýyl baýramyndan öň güman edilýän jeňçileri tutdy


Türk howpsuzlyk güýçleriniň agzalary. Arhiw suraty

Türk polisiýasy 29-njy dekabrda Ankarada “Yslam döwleti” ekstremist toparynyň gazasy bolmakda güman edilýän 29 adamy tussag etdi, olaryň arasynda Täze ýyl baýramçylyklary mahalynda hüjüm gurnamakçy bolanlaryň hem bardygy aýdylýar.

Türkiýäniň döwlet eýeçiligindäki“Anadolu” habar gullugy 29-njy dekabrda bir wagtda güman edilýänleri tutmak üçin geçirilen reýdlere 500 çemesi polisiýa işgäriniň gatnaşandygyny habar berdi.

Bu tussag etmeler türk polisiýasynyň bir gün öň bütin ýurt boýunça güman edilýän YD jeňçilerini tutmak üçin geçiren operasiýasynyň yz ýanyna gabat geldi. Şonda olar 120 sany güman edilýän jeňçini tussag etdiler.

Geçen ýyl Täze ýyl baýramçylyklary mahalynda bir adam Stambuldaky gijeki kluba ýaragly hüjüm edip, 39 adamy atyp öldüripdi.

XS
SM
MD
LG