Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mattis: ABŞ-nyň Ukraina berýän täze ýaraglary Moskwany alada goýmasyn


ABŞ-nyň goranmak sekretary Jim Mattis
ABŞ-nyň goranmak sekretary Jim Mattis

ABŞ-nyň goranmak sekretary Jim Mattis Birleşen Ştatlaryň Ukrainadaky roly üýtgemeýär diýdi we ABŞ-nyň geçen hepde Kiýewi täze ýaraglar bilen üpjün etmek kararyna gelmeginiň Orsýeti alada goýmaly däldigini belledi.

"Eger-de Ukrainany birleri basyp almak islemese, munuň hiç bir uly täsiri bolmaz öýdýärin. Olar goranyş ýaraglary” diýip, Mattis 29-njy dekabrda, ABŞ-nyň Döwlet departamenti 22-nji dekabrda Ukrainanyň “güýçlendirilen goranyş mümkinçiliklerini” goldamak kararyny yglan edeli bäri aýdan ilkinji sözlerinde belledi.

Moskwa bu çäräni ýazgardy we onuň “çyzykdan geçmek”, şeýle-de “görnetin [Ukrainany] täze gan döküşmä iteklemek” bolandygyny aýtdy.

Birleşen Ştatlar Ukraina beriljek täze ýaraglaryň anyk nähili ýaraglar boljakdygyny aýtmady. Emma ABŞ mediasy Kiýewe beriljek ýaraglaryň arasynda “Javelin” anti-tank raketalarynyň hem bardygyny habar berýär. Ukraina ABŞ-dan bu ýaraglaryň berilmegini haýyş edipdi.

Mattis Ukraina täze ýaraglaryň berilmegi ABŞ-nyň ol ýerdäki gatnaşygyny giňeltmegiň hiç bir planyny nazarda tutmaýar diýdi.

XS
SM
MD
LG