Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsür sudy ozalky yslamçy prezident Muhammad Morsä üç ýyl iş kesdi


Muhammad Morsi
Muhammad Morsi

Müsür sudy ozalky yslamçy prezident Muhammad Morsini sud sistemasyny masgaralamakda aýyplap, üç ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

30-njy dekabrda Kairde bolan sud Morsiniň dört ýyl ozal, “ýigrenç ýaýratmak maksady bilen” jemgyýetçilikde çykyp gürlände sud sistemasyny masralandygyny aýtdy, bu barada döwlet telewideniýesi habar berdi.

Şeýle-de sud şu aýyplama esasynda ýene 18 adama üç ýyldan iş kesdi.

Sud edilenleriň ýene bäşisine, şol sanda demokratiýa tarapdar kampaniýaçy Alaa Abdel-Fattaha 30 müň müsür puly ($1,688) möçberinde jerime salyndy.

Morsi Müsüriň azat saýlanan ilkinji prezidenti boldy. Ol 2013-nji ýylda, bir ýyllyk bölüji dolandyryşyndan soň, köpçülikleýin protestler netijesinde harbylar tarapyndan işden çetleşdirildi.

Şondan bäri ol bir topar aýyplamada, şol sanda daşary ýurt toparlary bilen dil düwüşmekde aýyplanyp gelýär.

Müsürde 2013-nji ýyldan bäri yslamçylar basylyp ýatyrylýar, müňlerçe adam, sol sanda dünýewi we liberal aktiwistler hem tussag edildi.

XS
SM
MD
LG