Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda, protestleriň arasynda, hökümete tarapdar ýygnanyşyklar geçirilýär


Eýran protestleri
Eýran protestleri

Birnäçe şäherde uly ykdysady protestler gurnalandan soň, Eýranda ýurt boýunça hökümete tarapdarlaryň ýygnanyşyklary guralýar.

Döwlet telewideniýesi paýtagt Tährandaky ýygnanyşyklary we Eýranyň ikinji uly şäheri bolan Maşatda ýokary ruhany lider Aýatolla Ali Hameneýini goldaýan şygarlary göterip barýan demonstrasiýaçylary görkezdi.

Bu ýygnanyşyklarda 2009-njy ýylda, dawaly prezident saýlawlaryndan soň bolan we ýurdy çaýkan gozgalaňlaryň soňlanmagy bellenilýär.

Döwlet telewideniýesi 30-njy dekabrda bu hili ýygnanyşyklaryň 1 müň 200-den gowrak şäherde planlaşdyrylandygyny habar berdi.

Bu ýygnanyşyklar Eýranda soňky ýyllarda esasy azyk harytlarynyň, hususan-da ýumurtganyň we towuk etiniň bahalarynyň aşa gymmatlamagy zerarly başlananiň protestlere gabat geldi.

XS
SM
MD
LG