Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranlylar azyk bahalarynyň gymmatlamagyna protest bildirýär


Eýran protestleri
Eýran protestleri

Eýranyň polisiýasy Tähranda we günbatar şäher Kermanşahda onlarça demonstrasiýaçyny tussag edeninden soň, täzeden hökümete garşy ýygnanyşyklaryň geçirilmegine garşy duýduryş berdi.

Tähran welaýatynyň gubernatorynyň orunbasary Mohsen Hamadani 29-njy dekabrda, bahalaryň gymmatlamagyna garşy protest bilen başlanyp, syýasy demonstrasiýa öwrülen we Eýranyň bir topar şäherine ýaýran protestleriň ikinji gününde çykyp gürläp, kanun goraýjy gulluklaryň indiki ýygnanyşyklaryň garşysyna berk çäre görjekdigini duýdurdy. Onuň sözleri metbugatda sitirlendi.

Emma, eýran häkimiýetleriniň duýduryşlaryna garamazdan, Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti we Ak tam demonstrasiýaçylaryň tussag edilmegini ýazgarýan beýanat çap etdi hem-de Tähranyň protestçileriň öz pikirlerini azat-erkin aýdyp bilmegine rugsat bermegini talap etdi.

"Eýranyň hökümeti adamlaryň hukuklaryny, şol sanda öz pikirlerini aýtmak hukuklaryny sylamaly” diýip, Ak tamyň sözçüsi Sarah Sanders aýtdy.

Döwlet departamentiniň sözçüsi ABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillersonyň özüniň, öz suratlandyryşy ýaly, “Eýranyň içinde hökümetiň parahatçylykly özgermekligine getirjek elementleri goldamaga” çagyrýandygyny belledi.

"Bir ähli döwletleri eýran halkyny we olaryň esasy hukuklaryny hem-de korrupsiýany soňlamak baradaky talaplaryny açyk goldamaga çagyrýarys” diýip, sözçi Heather Nauert aýtdy.

Protestçiler Eýarnyň ruhanylaryndan hem käbir hyjuwlandyrmalary aldylar.

“Olaryň protestleri, şeýle-de beýleki adamlaryň bahalaryň gymmatlamagyna bildirýän reaksiýalary şek-şübhesiz adalatly” diýip, Ahmad Alam al-Hoda, Eýranyň ikinji köp ilatly şäheri Maşadyň juma namazynyň lideri we orta derejeli ruhany 28-nji dekabrda, protestler başlananda aýtdy.

XS
SM
MD
LG