Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda goňşy Eýrandaky protestler barada habar berilmeýär


Türkmen telewideniýesinden bir pursat. Arhiwden alnan surat.

Eýranda 28-nji dekabrdan bäri hökümete garşy protestler dowam etdirilýär. 30-njy dekabrda agşam protestler ýurduň köp sanly iri şäherlerine ýaýrady. Eýranyňdöwlet telewideniýesi protestleriň dowamynda 20 adamyň, şol sanda polisiýa wekilleriniň heläk bolandygyny mälim etdi.

Habar berilişine görä, Eýranda 2009-njy ýyldan bäri hökümete garşy geçirilýän bu iň uly protest çykyşy ykdysady sebäplerden başlandy, adamlar azyk önümleriniň gymmatlamagyna, ilkinji nobatda-da ýumurtga we guş eti ýaly harytlaryň bahasynyň ýokarlanmagyna öz nägileligini bildirdiler.

Türkmenistanyň ýakyn goňşusy we iri söwda-ykdysady partnýory Eýrandaky şu günki ýagdaýlar barada ýurtda nähili habar berilýär?

Azatlyk Radiosy bu sowal bilen aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýewe ýüzlendi:

Türkmenistanda goňşy Eýrandaky protestler barada habar berilmeýär
please wait

No media source currently available

0:00 0:03:10 0:00

XS
SM
MD
LG