Orsýetiň Içeri işler ministrligi öz işgärlerine dynç alyşy Türkmenistanda geçirmäge rugsat berdi.
Orsýet mediasynyň içeri işler ministri Wladimir Kolokoltsewiň kararyna salgylanyp, habar bermegine görä, 2018-nji ýylda Türkmenistan Orsýetiň Içeri işler ministrliginiň işgärlerine dynç almaga rugsat berilen ýurtlaryň resmi sanawyna girizilipdir. Şeýle-de bu sanawda Azerbaýjan, Ermenistan, Abhaziýa, Belorus, Wýetnam, Gazagystan, Gyrgyzystan, Hytaý, Kuba, Täjigistan, Özbegistan we Günorta Koreýa görkezilýär.
Orsýet güýç edaralarynyň işgärlerine daşary ýurtlaryň aglabasynda dynç almagyna gadagançylygy 2015-nji ýylda girizipdi. Resmiler bu kararyny “döwlet we edara syrlaryny saklamak” maksady bilen düşündiripdi.
Şol bir wagtda-da, Orsýetiň we Türkmenistanyň arasynda wiza düzgüni saklanýar. Üstesine Türkmenistan dünýä ýüzünde syýahat etmek we wiza almak meselesinde iň çylşyrymly ýurtlaryň biri bolmagynda galýar.