Sepleriň elýeterliligi

Kiýewde ýüzlerçe adam ýöriş geçirip aklawçynyň ölümini derňemegi talap etdi


Iryna Nozdrowska

Ukrainanyň paýtagtynda ýüzlerçe adam ýöriş geçirip, içeri işler ministri Arsen Awakowyň wezipesinden çekilmegini we aklawçynyň ölümini derňemegi talap etdi.

Protestçiler Iryna Nozdrowskanyň jesediniň tapylmagynyň ertesi 2-nji ýanwarda Kiýewiň regional polisiýasynyň edara jaýynyň öňünde jemlendiler.

Aklawçynyň 29-njy dekabrda ýitirim bolandygy habar berlipdi.

Regional polisiýasynyň müdiri Dmytro Tsenow protestçiler bilen duşuşdy we bilermenleriň ýörite toparynyň Nozdrowskanyň ölümini derňeýändigini habar berdi.

Nozdrowska 2015-nji ýylda öz aýal dogany Switlana Sapatanyskanyň ölümi bilen baglylykda tussag edilen Dmytro Rossoşanskiniň işi boýunça eden tagallalary sebäpli haýbat atylypdy.

XS
SM
MD
LG