Orsýetiň Goranmak ministrligi täze ýylyň öňüsyrasynda Siriýada özüniň iki harby gullukçysynyň hökümete garşy söweşýän güýçleriň toply ýaraglaryň hüjüminde wepat bolandygyny mälim etdi.
“Garaňky düşende Hmeimim howa bazasy söweşijileriň göçme toparynyň minaly ýaraglaryň hüjümine sezewar boldy. Ok atyşygyň netijesinde iki harby gullukçy wepat boldy” diýlip, ministrligiň habar beriş serişdelerinde çap edilen beýanatynda aýdylýar.
Orsýetiň Siriýadaky Hmeimim howa bazasy günbatar Latakia regionynda ýerleşýär.
Orsýet Siriýada dowam edýän graždan urşunyň dowamynda prezident Başar al-Assada goldaw berýär. Orsýetiň Siriýada 2015-nji ýylyň sentýabrynda harby howa çärelerine başlaly bäri 40-dan gowrak orsýet harbysy wepat boldy.
Meniň pikirimçe, bir haltasy 1000 manat diýjek bolupdyrlar öýdýän. Soňam siziň belligiňizden utanyp, çekinip, düzetmändirler ýa-da düzetmegi özlerine kiçilik bilen bolara çemeli. Türkmen hökümedi ýaly, bular hem tankyda bolanoklar ahyry. Bellik edip ýazan düzedişiň bir hepde geçensoňlar goýýarlar. Hamala, söz azatlygy, tankydy kabul edýän kişi bolup. Bir hepdeden bolsa makala arhiwe geçip gidýär.