Sepleriň elýeterliligi

Özbegistanyň we Gazagystanyň arasyndaky awtobus gatnawy 17 ýyldan soň dikeldildi


Özbegistanyň paýtagty Daşkendiň we Gazagystanyň Şymkent şäherleriniň arasynda gatnaýan awtobus, Şimkent, 5-nji ýanwar, 2018.

Özbegistanyň paýtagty Daşkendiň we Gazagystanyň Şymkent şäherleriniň arasyndaky awtobus gatnawy 17 ýyldan soň dikeldildi.

Günorta Gazagystanyň regional transport müdirliginiň başlygy Nurlan Baighut 5-nji ýanwarda ilkinji atobusyň ýolagçylary alyp Daşkentden ugraýandygyny AÝ/AR-na aýtdy.

Baighut iki şäheriň arasynda her gün 15 çemesi awtobusyň gatnajagyny habar berdi.

Serhetden geçiş düzgünleri hasaba alnanda şäherleriň arasyndaky 140 kilometrlik ýola dört sagat töwereginde wagt sarp ediler.

Merkezi Aziýanyň iki uly ýurdunyň arasynda serhetaşyr awtobus gatnawynyň dikeldilmegi ýurtlaryň ýaşaýjylary üçin uly amatlylyk dördýär.

Gazagystanyň günorta regionynyň paýtagty Şymkent Özbegistanyň Daşkent regiony bilen serhetleşýär. Bu regionda Gazagystanyň etnik özbek ilatynyň uly bölegi ýaşaýar. Şol bir wagtda-da, Özbegistanyň etnik gazak azlygynyň aglaba bölegi Daşkent regionynda ýaşaýar.

Iki ýurduň arasyndaky ähli awtobus gatnawy 2000-nji ýyllarda Özbegistanyň we Gazagystanyň döwlet baştutanlarynyň arasynda dörän dartgynlylyk sebäpli bozulypdy.

XS
SM
MD
LG