Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyz oppozisioneri korrupsiýada aýyplanyp, türmä basyldy


Kanatbek Isaýew

Bişkek sudy gyrgyz oppozisioneri Kanatbek Isaýewe korrupsiýa aýyplamalary esasynda 12 ýyl iş kesdi.

Birinji maý etrap sudy öz hökümini 4-nji ýanwarda, ýarygijäniň öň ýanynda yglan etdi. Isaýew 2008-2010-njy ýyllarda Tokmok şäherinde häkim bolan wagtynda döwlete degişli ýeri bikanun gurluşyk firmalaryna bermekde günäli tapyldy.

Isaýew bilen ýene iki adama hersine 10 ýyldan iş kesildi. Isaýew özüne bildirilýän aýyplamalary ret etdi we olaryň syýasy sebäpli bolandygyny aýtdy.

Onuň aklawçylary suduň höküminden şikaýat etjekdiklerini aýtdylar.

XS
SM
MD
LG