Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşkent bilen Çimkendiň arasynda awtobus gatnawy dikeldildi


Baighutyň tassyklamagyna görä, iki şäheriň arasynda her günde 15 awtobusyň gatnamagy ýola goýlar.
Baighutyň tassyklamagyna görä, iki şäheriň arasynda her günde 15 awtobusyň gatnamagy ýola goýlar.

Özbegistanyň paýtagty Daşkent bilen Gazagystanyň Çimkent şäheriniň arasyndaky göni awtobus gatnawy dikeldildi, bu gatnawyň ýatanyna 17 ýyl bolupdy.

Günorta Gazagystanyň regional transport müdirýetiniň başlygy Nurlan Baighut Azatlyk radiosynyň Gazak gullugyna ýolagçylary alan ilkinji awtobusyň Daşkende 5-nji ýanwarda ugrandygyny aýtdy.

Baighutyň tassyklamagyna görä, bu ugur boýunça ahyrynda iki şäheriň arasynda her günde 15 awtobusyň gatnamagy ýola goýlar. Serhetden geçmek bilen bilelikde, iki şäheriň arasyndaky ýol 140 km bolup, dört sagat çemesi wagt alýar.

Gazak we özbek resmileri biraz öň awtobus gatnawlarynyň kem-kemden dikeldiljekdigini aýdypdylar.

Merkezi Aziýanyň iki sany öňdebaryjy ykdysadyýetiniň arasyndaky awtobus gatnawynyň täzeden ýola goýulmagy ýurtlaryň ikisiniň raýatlary üçin hem uly öňegidişlik hasaplanylýar.

XS
SM
MD
LG