Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG-däki garjaşyk reaksiýadan soň Eýranda täze protestler guraldy


Tähran, hökümetçi protestçiler. 5-nji ýanwar.
Tähran, hökümetçi protestçiler. 5-nji ýanwar.

ABŞ-nyň Eýrandaky hökümete garşy protestçilere goldaw bermäge çagyrmagy BMG-dä garşjaşyk reaksiýa döretdi, ABŞ-nyň käbir ýaranlary bu meselede halkara çäre görülmeginiň esasaly boljagyny sorag astyna alsa, Tähran Waşingtony halkara ýadro ylalaşygyny bozmaga çalyşmakda aýyplady.

Eýranyň döwlet eýeçiligindäki telewideniýesi diplomatik çekeleşmeleriň fonunda 6-njy ýanwarda Eýranyň birnäçe şäherinde geçirilen hökümete tarapdar ýygnanyşyklary görkezdi, sosial ulgamlarda bolsa, paýtagtda we beýleki ýerlerde hökümete garşy guralan demonstrasiýalaryň fotosuratlary we wideolary goýuldy.

Bu ýygnanyşyklar ABŞ-nyň BMG-däki ilçisi Nikki Heýliniň 5-nji ýanwarda eýran demonstrantlaryny hökümeti tankytlap, gün-güzeranlaryny gowulandyrmak üçin “janlaryny töwekgellige salýan” “batyrgaý” adamlar atlandyrmagynyň we BMG-niň Howpsuzlyk geňeşinde adatdan daşary sessiýa açmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

Emma Orsýetiň BMG-däki ilçisi Wasiliý Nebenzýa Birleşen Ştatlary “Howpsuzlyk Geňeşiniň platformasyny nädogry ulanmakda” we agza döwletiň içerki meselelerine “toslama” bahana bilen gatyşmakda aýyplady.

Şeýle-de ol Ak tamy Eýrandaky wakalary Tähran bilen baglaşylan ýadro ylalaşygyndan çykmak üçin bahana edip ulanmaga synanmakda aýyplady.

Dünýä döwletleri bilen baglaşylan ylalaşykda Eýran ykdysady sanksiýalaryň ýatyrylmagynyň deregine ýadro programmasyndan el çekmäge razy bolupdy.

XS
SM
MD
LG