Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran: Ýer titremede 21 adam ýaralandy


Geçen noýabrda hem Kermanşah welaýatynda güýçli ýer sarsma bolupdy. Arhiwden alnan sruat.
Geçen noýabrda hem Kermanşah welaýatynda güýçli ýer sarsma bolupdy. Arhiwden alnan sruat.

Eýranyň günbataryndaky Kermanşah welaýatynda dörän 5,1 bal derejesindäki ýer yranmasynda azyndan 21 adam ýaralandy.

Ýarym resmi ISNA habarlar gullugynyň beren maglumatyna görä, tebigy hadysanyň episentri, Tährandan 520 km uzaklykda ýerleşýän, aglaba kürtleriň ýaşaýan Sarpol-e Zahab sebitinde bolupdyr.

Döwlet mediasy wakada ýaralanan iki adamyň keselhana ýerleşdirilendigini, beýlekileriň hem gerekli medisina kömegi berlenden soň goýberilendigini habar berdi.

Geçen noýabrda bu sebite golaý regionda bolan ýer titremede azyndan 600 adam ölüp, 9 müňe golaýy hem ýaralanypdy. 7,3 bal derejesindäki şol ýer sarsmada esasan Sarpol-e Zahabe sebitine zeper ýetipdi.

XS
SM
MD
LG