Sepleriň elýeterliligi

Hytaýda gämi çaknyşygynda 32 adam ýitirim boldy


Nebit tankerinde dörän ýangyndan soň, 30 eýranly we iki bangladeşli ýitirim boldy.

Hytaýyň gündogar kenarynda nebit tankeri bilen ýük gämisiniň çaknyşmagy netijesinde, 32 adam ýitirim boldy.

Hytaýyň transport ministrliginiň beren maglumatyna görä, çaknyşykdan soň 274 metrlik nebit tankerinde dörän ýangyndan soň, 30 eýranly we iki bangladeşli ýitirim bolupdyr. Wakada tankerdäki 136 müň tonna nebit kondensaty hem döküldi.

Ministrlik ýük gämisindäki 21 hytaýlynyň halas edilendigini hem mälim etdi.

Eýran kompaniýasy tarapyndan dolandyrylýan panamanyň “Sançi” nebit tankeri Günorta Koreýa tarap barýardy. Ikinji gämi bolsa, 64 müň tonna dänäni daşaýardy.

Hytaýyň habar gulluklary gözleg işlerine sekiz gäminiň goýberilendigini aýtdylar. Günorta Koreýa hem bir uçaryny we kenarýaka patrul gämisini ýollady.

XS
SM
MD
LG