Sepleriň elýeterliligi

Halas edijiler Hytaýyň kenarynda ýangyna uçran tankeriň 32 agzasyny gözleýärler


Hytaýyň gündogar kenarynda ýangyna uçran Eýranyň "Sançi" atly nebit daşaýjy tankeri, 7-nji ýanwar, 2018

Hytaýyň döwlet mediasynyň maglumatlaryna görä, Hytaýyň gündogar kenarynda ýük gämisi bilen çaknyşmagy zerarly ýangyna uçran Eýranyň nebit daşaýjy tanker gämisine partlamak we gark bolmak howpy abanýar.

8-nji ýanwarda üç ýurduň halas edijileri tankeriň ýitirim bolan 32 agzasyny gözleýärler.

Eýranyň resmileriniň 8-nji ýanwarda aýtmagyna görä, ýanýan gäminiň bir ekipaž agzasynyň jesedi tapylypdyr we şahsyýetini anyklamak üçin Şanhaýa iberilipdir.

Häkimiýetler 6-njy ýanwarda 30 sany eýranlyny we bir bangladeşlyny tapmak, şeýle-de güýçli ýanýan tankeriň daşyndaky zäherli gazlaryň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça iş geçirýärler.

Eýran tarapyndan dolandyrylýan “Sançi” atly tanker Hong Kongda hasaba duran “CF Crystal” atly ýük gämisi bilen Hytaýyň Şanhaýyň golaýyndaky kenaryndan 300 metr uzaklykda çaknyşdy. Eýranyň tankeri 136000 tonna, ýagny umumy bahasy 60 million amerikan dollarlyk 1 million barrele barabar nebit alyp barýardy.

XS
SM
MD
LG