Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda transport howpsuzlygy, radio-telewideniýe barada kanunlar kabul edildi


Türkmenistanyň Mejlisi, Aşgabat
Türkmenistanyň Mejlisi, Aşgabat

Türkmenistanyň Mejlisi “Transport howpsuzlygy” we “Telewideniýe hem radiogepleşikler” barada kanunlary kabul etdi.

Türkmenistanyň transport ulgamyny ösdürmegi ileri tutýandygy we 2018-nji ýylyň ýurt üçin “Türkmenistan – Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi” şygar astynda geçjekdigi resmi maglumatlarda bellendi.

Şeýle-de, milli mediany, şol sanda radio-telewideniýesini kämilleşdirmek meselesiniň prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gözegçiliginde galýandygy TDH gullugynyň maglumatynda aýdýar. Türkmenistanda habar beriş çeşmeleriň tas ählisi döwlete degişli

“Transport howpsuzlygy” we “Telewideniýe hem radiogepleşikler” barada kanunlar Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyryşynyň 5-nji ýanwarda geçirilen 26-njy maslahatynda kabul edildi.

XS
SM
MD
LG