Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanyň Ýewraziýa ykdysady bileleşigindäki ilçisi wezipesinden boşadyldy


Ýewraziýa ykdysady bileleşiginiň maslahaty, Astana, 14-nji awgust, 2017.
Ýewraziýa ykdysady bileleşiginiň maslahaty, Astana, 14-nji awgust, 2017.

Gyrgyzystanyň premýer-ministri Sapar Isakow ýurduň Ýewraziýa ykdysady bileleşigindäki ilçisi Sanjar Umotaliýewi wezipesinden boşatdy we birnäçe ýokary derejeli resmä käýinç berdi.

Isakow 8-nji ýanwarda çykaran kararynda Umotaliýewi “Ýewraziýa ykdysady bileleşiginiň gümrük düzgünnamasyny tassyklamak boýunça kanunyň taslamasyny kadaly düzmekdäki kemçilikleri üçin” Gyrgyzystanyň ministrler kabinetiniň orunbasary wezipesinden çetleşdirdi. Bu barada gyrgyz hökümetiniň websaýtynda aýdylýar.

Şeýle-de Isakow şuňa meňzeş sebäplere görä, ýurduň ykdysadyýet ministrine, döwlet gümrük gullugynyň başlygyna we bu ýolbaşçylaryň orunbasarlaryna käýinç berdi. Üstesine hökümet agzalarynyň birnäçesi wezipelerinden çetleşdirildi.

Orsýetiň we Gazagystanyň ýolbaşçylygyndaky Ýewraziýa ykdysady bileleşigine girýän Ermenistan, Belarus we Gyrgyzystan guramanyň Gümrük düzgünnamasyna 2017-nji ýylyň aprel aýynda gol çekipdi.

XS
SM
MD
LG