Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň ýörite wekili Robert Mueller Trampy sorag etmeginiň ähtimaldygyny aýtdy


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp, Maryland, ABŞ, 6-njy ýanwar, 2018

ABŞ-nyň ýörite wekili Robert Mueller Trampyň saýlaw kampaniýasynyň Orsýet bilen güman edilýän arabaglanyşygy boýunça geçirilýän derňewleriň çäginde özüniň prezident Donald Trampy sorag etmeginiň ähtimaldygyny Ak Tama aýtdy diýip ABŞ-nyň mediasy habar berdi.

Medianyň “meseleden habarly adamlara” salgylanyp, 8-nji ýanwarda habar bermegine görä, Muelleriň derňew topary Trampyň aklawçylaryny interwýunyň tiz wagtda geçiriljekdigi barada habarly edipdir, emma onuň takyk agzalmady.

Tramp we onuň ýuristleri saýlaw kampaniýasynyň Orsýet bilen arabaglanyşygy baradaky çaklamalary yzygiderli ret edip gelýärler we Muelleriň derňewi bilen doly derejede işleşmegi wada berýärler.

Mueller Trampyň öňki geňeşçileriniň dördüsi babatynda eýýäm iş gozgady. Olaryň ählisi häkimiýetleriň geçiren interwýularynda ýalan sözländigi baradaky aýyplamalar bilen ýüzbe-ýüz boldy.

XS
SM
MD
LG